Page 244 - Kurany Kerim Meali
P. 244
70. (Ýusup) olaryň ýüküni tutanda,
doganynyň (inisiniň) goşuna suw gabyny
saldy. Soň bolsa jarçy: «Eý, kerwen
(eýeleri), siz hakyky ogrusyňyz» diýip
seslendi.
71. (Ýusubyň doganlary) olara öwrülip:
«Näme ýitirdiňiz?» diýdiler.
72. (Jarçylaryň biri): «Hökümdaryň
suw gabyny ýitirdik. Ony getiren kişä
bir düýe ýüki (sylag) bar. Bu işe men
jogapkär» diýdi.
73. (Ýusubyň doganlary): «Alla kasam
edýäris. Siz anyk bilýärsiňiz, biz bu ýere
bozgaklyk etmek üçin gelmedik. Biz
ogry däldiris» diýdiler.
74. (Olar): «Eger ýalan sözleýän
bolsaňyz, onuň jezasy näme bolar?» Biz islän kişimizi (belent) derejelere
diýdiler. çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde
(ondan has) ylymly (Alla) bardyr.
75. (Ýusubyň doganlary): «Onuň jezasy
(ýitiren zadyňyz) kimiň ýükünden 77. (Ýusubyň doganlary): «Eger ol
tapylsa, jezasy ol kişi (ogurlan zadynyň ogurlyk eden bolsa, ozal onuň dogany
deregine alnyp galynmagy bilen (Ýusup) hem ogurlyk etdi» diýdiler.
jezalandyrylýandyr). Biz zalymlary Ýusup ony (olaryň ýapýan ogurlygyny)
şeýle jezalandyrýarys» diýdiler. içinde saklady we olara ony aýan etmedi.
(Öz ýanyndan bolsa): «Siz has erbet
76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň haldasyňyz. Siziň aýdýanyňyzy Alla has
beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. gowy bilýändir» diýdi.
Soň ony doganynyň ýükünden çykardy.
Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki 78. (Olar): «Eý, häkim (Ýusup)! Onuň
Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine uly (ýaşly) garry atasy bar. Onuň ýerine
(kanunyna) görä alyp galmagy mümkin biziň birimizi alyp gal! Çünki biz seniň
däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). ýagşylyk edýänlerdendigiňi (dürs hem
dindar kişidigiňi) görüp durus» diýdiler.
245