Page 72 - Kurany Kerim Meali
P. 72

esse köp bolýar.
                166.  Iki  goşunyň  ýüzbe-ýüz  bolan
                (çaknyşan)  güni  siziň  başyňyza  gelen
                bela (ýeňliş) Allanyň islegi bilendir. Bu
                möminleriň (imanynyň) bilinmegi (ýüze
                çykarylmagy) üçindi.


                167.  (Şeýle-de)  ikiýüzlüleriň  bilinmegi
                (ýüze  çykarylmagy)  üçindi.  Olara
                (ikiýüzlülere):    «Geliň,      Allanyň
                ýolunda  söweşiň  ýa-da  (iň  bolmanda
                duşmanlaryňyzyň  size  we  maşgalaňyza
                çozmasynyň)  öňüni  alyň!»  diýlende,
                (olar):  «Biz  (muny)  söweş  (diýip)
                bilsedik  (hasaplasadyk),  elbetde,  size
                goşulardyk»  diýdiler.  Ol  gün  olar
                imandan  küpüre  has  ýakyndylar.  Olar
                dilleri  bilen  ýüreklerinde  bolmadyk
                zatlary aýdýardylar. (Ýöne), Alla olaryň
                gizleýän zatlaryny örän gowy bilýändir.


                168.  Olar  söweşe  çykman,  (öýde)
                oturan  ýerlerinden  (garyndaşlyk  ýa-
                da  mynapyklyk  taýdan)  doganlary
                (öldürilenler)  hakda:  «Eger  (biziň
                sözümizi diňläp) bize tabyn bolsadylar,
                öldürilmezdiler»      diýdiler.    (Eý,
                Muhammet!  Olara):  «Eger  dogruçyl
                bolsaňyz, hany, (eliňizden gelýän bolsa),    171. Olar Alladan gelen nygmaty, pazly-
                özüňizden  ölümi  dep  ediň,  (göreli)!»     keremi we Allanyň möminleriň sylagyny
                diýip aýt.                                   puja çykarmajakdygynyň söýünjisi bilen
                                                             şatlanarlar.
                169.  Siz Allanyň  ýolunda  öldürilenleri,
                öli hasaplamaň! (Gaýtam) tersine, (olar)     172. Ýaralananlaryndan soň Allanyň we
                özleriniň  Perwerdigäriniň  huzurynda        pygamberiň  (söweş)  çakylygyny  kabul
                diridirler, olara (jennet nygmatlaryndan)    edenlere  we  olardan  ýagşylyk  edenlere
                rysgallar berilýändir.                       hem-de takwalara uly sylaglar bardyr.


                170. Olar Allanyň Öz pazly-kereminden        173. Olar (käbir) ynsanlaryň (söweşden
                beren    zatlary   (nygmatlary)    bilen     dönderjek  bolup)  özlerine:  «Takyk,
                şatlanýarlar.  Olar  yzlaryndan  heniz       (size duşman bolan) ynsanlar size garşy
                özlerine  goşulmadyklar  (indiki  geljek     (goşun) jemlediler, bes, olardan gorkuň!»
                şehitler) bilen hem: «Olara gorky-howp       diýenlerinde,   (bu   ýagdaý    olaryň)
                ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar»         ynanjyny  artdyrdy  we  olar:  «Alla  bize
                diýip söýünji alarlar.                       ýeterlikdir  (hossardyr).  Ol  nähili  ýagşy

                                                                                                   73
   67   68   69   70   71   72   73   74   75   76   77