Page 88 - Kurany Kerim Meali
P. 88

60.  Saňa  hem-de  senden  öň  inderilen
                (kitaplara)   ynanýandyklaryny      öňe
                sürenleri  görmediňmi?!  Olar  özlerine
                taguty  inkär  etmeklik  emir  edilse-de
                onuň  (tagutyň)  höküm  çykarmagyny
                isleýärler.  Şeýtan  hem  olary  (dogry
                ýoldan) doly azaşdyrmak isleýär.

                Düşündiriş:  Bir  mynapyk  bilen  bir  ýahudy  bir
                meselede  dawalaşýarlar.  Bu  dawany  çözmek
                üçin  ýahudy  pygamberimiziň  ýanyna  gitmegi
                teklip edýär, emma mynapyk kabul etmeýär. Ol
                mynapyk özüniň şygyrlary bilen pygamberimizi
                tankytlaýan Kagb ibn Eşref atly jadygöý kapyryň
                emin bolmagyny teklip edýär. Bu aýatdaky tagut
                sözünden maksat hem bu şahs hasaplanylýar.

                61.  Olara:  «Geliň,  Allanyň  inderen
                (Kuranyň  hökümlerine)  we  pygambere
                (ýüz tutalyň)!» diýlende, mynapyklaryň
                senden  doly  ýüz  öwürýändiklerini
                görersiň.

                62.  Emma  elleri  bilen  eden  etmişleri
                sebäpli, başlaryna bir bela gelen wagty      ýalkaw  sorasady,  elbetde,  olar Allanyň
                nähili  bolar?  Soň  olar  seniň  ýanyňa     tobalary  kabul  edýändigini,  rehim-
                gelip: «Kasam bolsun! Biz diňe gowulyk       şepagatlydygyny görerdiler.
                etmek we ýaraşdyrmak isledik» diýerler.

                                                             65.    Ýok!    Seniň    Perwerdigäriňe
                63.  Alla  olaryň  kalplarynda  näme         kasam  bolsun!  Olar  öz  aralarynda
                bardygyny  (gowy)  bilýändir.  Bes,  sen     dörän    düşünişmezliklerinde   höküm
                olardan ýüz öwür, (ýöne) olara öwüt ber      etmegiň  üçin  seni  (emin)  edip,  seniň
                we olara özleri barada täsir edip biljek     çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat
                sözleri aýt.                                 getirmezden  (kabul  edip,  saňa)  doly
                                                             boýun  bolmasalar  iman  getirdikleri
                64. Biz her pygamberi Allanyň rugsady        bolmaz.
                bilen  (halkyň)  olara  boýun  bolmaklary
                üçin  iberdik.  Eger  olar  (ikiýüzlülik     Düşündiriş:  Hezreti  Muhammet  aleýhissalamy
                edip), özlerine zulum edip, seniň ýanyňa     Allanyň ilçisi hökmünde kabul etmegiň manysy,
                gelip,  günäleriniň  geçilmegi  üçin         onuň  ündeýän  we  durmuşa  geçirýän  ynanç,
                Alladan  ýalkaw  sorasalar,  pygamber        düşünje we ýaşaýyş ýörelgelerini kabul etmek,
                hem  olaryň  günäleriniň  geçilmegi  üçin    bu babatda ony nusga edinmekdir.

                                                                                                   89
   83   84   85   86   87   88   89   90   91   92   93