Page 1 - Kurany Kerim Meali
P. 1

hasaplanylýan süredir. Onda taryp edilmäge diňe
                                                       Allanyň  mynasypdygy,  Allanyň  bendelerine
                                                       bu  dünýäde  Rahman  (Mähriban),  ahyretde
                                                       Rahymdygy  (Rehim-şepagatlydygy),  diňe  Alla
                                                       ybadat  edilmelidigi,  dogry  ýoly  tapmagyň  we
                                                       dogry  ýoldan  azaşmagyň  hem  Allanyň  eradasy
                                                       bilen baglydygy beýan edilýär.

                                                       1.Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                                                       şepagatly) Allanyň ady bilen (başlaýaryn).

                                                       Düşündiriş: Bu birinji aýata, gysgaça, «Bismillä»
                                                       diýilýär. Ymam Agzamyň, şeýle-de bir topar başga
                                                       fykh (yslam hukugy) alymlarynyň pikirine görä,
                                                       «Bismillä»  aýaty  «Elham»  süresiniň  bir  aýaty
                                                       däldir.  Diňe  «Neml»  süresiniň  30-njy  aýatynda
                                                       agzalýan «Bismillä» bir aýatdyr, galan ýerde bolsa
                                                       gaýtalamadyr, şol süreden bir aýat däldir. Kurany
                                                       Kerimiň  «Toba»  süresinden  galan  113  süresiniň
                                                       hemmesiniň başynda gelýän bu aýat bu süreleriň
                                                       başynda  diňe  bereket  üçin  okalýar.  Şonuň  üçin
                                                       hem  ol  namazda  içiňden  aýdylýar.  Emma  käbir
                                                       alymlar  ony  «Elhamyň»  bir  aýaty  hasaplaýarlar.
                                                       Hadyslaryň birinde: «Bismillä bilen başlanmadyk
                                                       işiň  soňy  ýokdur»  diýilýär.  Bu  sebäpli,  hem
                                                       haýsydyr bir işe başlanylanda «Bismillä» aýdylýar.

                                                       2.   (Ähli)   hamdy-senalar   älemleriň
               1-nji süre: «Fatyha» («Açylyş»)         Perwerdigäri Alla mahsusdyr.


          «Fatyha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,   3.  (Ol)  Rahmandyr  (Mähribandyr),
          ol  7  aýatdan  ybaratdyr.  Kurany  Kerimiň  ilkinji   Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr).
          süresidigi üçin, oňa «bir ýeri ýa-da bir zady açan,
          açyjy»  manysynda  «Fatyha»  diýlip  at  berlipdir.   4. Din (kyýamat) gününiň Eýesidir.
          Bu süräniň «Ummul-kitap» («Kitaplaryň enesi»),
          «Sebgul-mesäni»  («Gaýtalanýan  ýedi  aýat»),   5.  (Eý,  Allam!)  Biz  diňe  Saňa  ybadat
          «Esas»  («Düýp-özen»),  «Şifä»  («Şypa  beriji»),   edýäris  we  diňe  Senden  kömek  soraýa-
          «Käfiýe»  («Ýeterlik»),  «El-hamd»  («Hamdy-  rys!
          sena»),  «Salät»  («Namaz»),  «Dua»  («Dileg-
          doga») we «Taglym» («Tälim») ýaly atlary hem   6.  (Eý, Allam!)  Bizi  dogry  ýola  (yslam
          bar. Bu süre halkymyzyň arasynda «Elham» süresi   dinine) gönükdir!
          diýlip  meşhurlyk  gazanypdyr.  Pygamberimiz
          Muhammet aleýhissalam: «Elhamy» okamaýanyň   7.  (Bizi)  gazaba  sezewar  bolanlaryň  we
          namazy  ýokdur»  diýipdir.  Şonuň  üçin  hem   azaşanlaryň  (ýoluna)  däl-de,  Öz  nygmat
          «Elham»  süresi  namazyň  ähli  rekagatlarynda   berenleriň ýoluna (gönükdir)!
          okalýar. Kurany Kerim bütin adamzada dogry ýoly
          görkezmek üçin inderilipdir. Bu mubärek we uz   Düşündiriş:   «Elham»   süresi   okalandan
          manyly süre Kurany Kerimiň gysgaça manysyny   soň,  «Ämin!»  («Kabul  et!»)  diýmek  sünnet
          özünde  jemleýän  we  yslam  dininiň  düýp  özeni   hasaplanylýar.
                                                                                          2
   1   2   3   4   5   6