Page 8 - Kurany Kerim Meali
P. 8

49.  Biz  sizi  size  ýowuz  azap  (ezýet)
                beren, erkek perzentleriňizi öldürip, gyz
                perzentleriňizi  diri  goýan  Fyrgawnyň
                adamlaryndan  doly  halas  edipdik.  Bu
                siziň  üçin  Perwerdigäriňizden  (gelen)
                uly synagdy.


                50. Biz siziň üçin deňzi ýaryp, sizi halas
                etdik, Fyrgawnyň adamlaryny hem siziň
                gözüňiziň öňünde (deňze) gark edipdik.


                51.  Biz  Musa  (Töwraty  bermek)  üçin
                kyrk  gije  wadalaşypdyk.  Soň  siz  onuň
                yzyndan  (özüňize)  zulum  edip,  göläni
                (hudaý) edindiňiz.

                52.  (Mundan)  soň  hem  siziň  şükür
                etmegiňiz üçin Biz sizi bagyşladyk.

                53.  Siziň  dogry  ýoly  tapmagyňyz  üçin
                Biz Musa kitaby (Töwraty) we (hak bilen      56. Siziň şükür etmegiňiz üçin (ýyldyrym
                batyly) tapawutlandyrýan (mugjyzalary)       urandan) soň, Biz sizi (täzeden) direltdik.
                beripdik.
                                                             57. Bulutlary siziň üstüňize kölege etdik.

                54. Musa öz kowumyna: «Eý, kowumym!          Size menne (şepbeşik halwa) we bedene
                Takyk,  siz  göläni  (hudaý)  edinmek        (etini)  inderip:  «Size  rysgal  edip  beren
                bilen, özüňize zulum etdiňiz. Indi siz öz    halal  zatlarymyzdan  iýiň»  (diýdik).
                Ýaradanyňyza toba edip, öz nebisleriňizi     Emma olar, bize däl-de, özlerine zulum
                (erbet  duýgularyňyzy)  öldüriň!  Bu         edýärdiler.
                Ýaradanyňyzyň  ýanynda  siziň  üçin  iň
                haýyrlysydyr. (Belki) Ol siziň tobaňyzy       Düşündiriş: Menne – ýahudylara asmandan ýörite
                                                             iberilen halwa ýaly şepbeşik, şirin nygmatyň ady.
                kabul  eder.  Takyk,  Ol  (Alla)  tobalary   Ol asmandan her gün ir bilen daň atandan, tä Gün
                kabul  edýändir,  Rehim-şepagatlydyr»        dogýança gar ýaly ap-ak bolup ýagar eken. Halk
                diýdi.                                       hem her gün gündeki iýjegini alar eken. Umuman,
                                                             zähmet  çekmezden  öz-özi  gelýän  ähli  zatlara
                                                             hem  «menne»  diýilýär.  Sözlüklerde  «menne»
                55. Siz: «Eý, Musa! Biz, tä Allany äşgär     diýlip, käbir miweli agaçlarda peýda bolýan süýji
                görýänçäk, saňa hiç haçan iman getirjek      tagamly şepbeşik iýmit düşündirilýär. Ol gijesine
                däl» diýen wagtyňyz, gözüňiziň alnynda       agaçlardan  çykýan  şiräniň  netijesinde  bir  ýere
                sizi ýyldyrym urdy.                          üýşüp,  kiçiräk  şepbeşik  görnüşde  emele  gelýär.
                                                             Ony ir bilen, heniz Gün dogmanka alýarlar.

                                                                                                    9
   3   4   5   6   7   8   9   10   11   12   13