Page 6 - Kurany Kerim Meali
P. 6

30.  (Seniň)  Perwerdigäriň  perişdelere:
                «Men  ýer  ýüzünde  bir  oruntutar
                (ynsan)  ýaratjak»  diýende,  olar:  «Sen
                (ýerde)  pitne-pisat  çykaryp,  gan  dökjek
                (ynsanlary)  ýaratjak  bolýarsyňmy?  Biz
                hamdy-senaň  bilen  Seni  tesbih  edýäris
                we  mukaddes  tutýarys  (taryp  edýäris)»
                diýdiler. (Alla olara): «Takyk, Men siziň
                bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin» diýdi.

                31. (Alla) Adam (ata) ähli zadyň atlaryny
                öwretdi. Soň olary perişdelere görkezip:
                «Eger  siz  dogruçyl  bolsaňyz,  Maňa
                bularyň atlaryny aýdyp beriň!» diýdi.

                32. (Perişdeler): «(Eý, Perwerdigärimiz!)
                Sen  ähli  nosganlyklardan  päksiň!  Seniň
                bize  öwreden  zatlaryňdan  başga  biziň
                bilýän  zadymyz  ýokdur!  Takyk,  Sen
                (ähli  zady)  bilýänsiň,  hikmete  eýesiň!»
                diýdiler.

                33. (Alla): «Eý, Adam! Olara (perişdelere)
                ol  zatlaryň  atlaryny  aýdyp  ber!»  diýdi.
                Ol  (Adam)  olara  (perişdelere)  olaryň
                (hemmesiniň)  atlaryny  aýdyp  berende,      36.  Şeýtan  olary  ol  ýerden  (jennetden)
                (Alla):  «Men  size  asmanlardaky  we        taýdyrdy  we  olary  özlerine  (berlen)
                ýerdäki gaýyp zatlary, siziň hem nämäni      nygmatlaryndan çykartdy. Biz (Adam ata,
                äşgär  edip,  nämäni  gizleýändigiňizi       How  enä  we  şeýtana):  «Siz  biri-biriňize
                bilýärin diýmänmidim?» diýdi.                duşman bolup, (ýere) düşüň! Siziň üçin ýer
                                                             ýüzünde mesgen we belli bir wagta çenli
                34.  Biz  perişdelere:  «Adama  (hormat      peýda (ýaşaýyş) bolar» diýdik.
                edip) sežde ediň!» diýenimizde, Iblisden
                galany (hemme perişdeler) sežde etdiler.     37. Adam (ata) öz Perwerdigärinden käbir
                Ol (Iblis) ýüz öwrüp, tekepbirlik etdi we    ylhamlary alandan soň, (eden işine ökünip)
                (netijede) kapyrlardan boldy.                derrew toba etdi. Takyk, Ol (Alla) tobalary
                                                             kabul edijidir, Rehim-şepagatlydyr.
                35. Biz: «Eý, Adam! Sen öz aýalyň (How
                ene)  bilen  jennetde  mesgen  tut!  Ondan
                (jennet nygmatlaryndan) öz göwün islän       Düşündiriş:  Adam  ata  toba  eden  mahaly:  «Eý,
                ýeriňizde  bol  edip  iýiň!  (Emma)  bu      Perwerdigärimiz!  Biz  özümize  zulum  etdik,  eger
                agajyň  (miwesine)  golaýlaşmaň!  Ýogsa      Sen  biziň  günälerimizi  geçip,  bize  merhemet
                (eger  bu  agajyň  miwesinden  iýseňiz)      etmeseň,  biz  zyýan  çekenlerden  bolarys»  diýip
                ikiňiz  hem  (özüňize)  zulum  edenlerden    dileg edipdir. Käbir çeşmelerde bolsa Adam atanyň
                                                             toba eden wagty okan dileginiň namazda okalýan
                bolarsyňyz» diýdik.                          «Subhaneke» dogasydygy aýdylýar.



                                                                                                    7
   1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11