Page 7 - Kurany Kerim Meali
P. 7

hem  «Allanyň  guly»  diýmekdir.  Olara  Ýakup  pygamberiň
                                                     neslinden gelendikleri üçin ysraýyl ogullary diýlipdir. Hezreti
                                                     Musa tabyn bolandyklary üçin bolsa olara musaýylar diýlipdir.


                                                     41. Siziň ýanyňyzdakyny (Töwraty) tassyklaýjy
                                                     edip  inderen  zadyma  (Kurana)  iman  getiriň!
                                                     Ony  ilkinji  inkär  eden  siz  bolmaň!  Meniň
                                                     aýatlarymy  az  baha  (bähbide)  derek  satmaň!
                                                     Siz diňe Menden gorkuň!


                                                     42.  Siz  bilip  durkaňyz,  hak  bilen  nähaky
                                                     gatyşdyrmaň we haky gizlemäň!

                                                     43. (Eý, ysraýyl ogullary!) Namazy berjaý ediň
                                                     (okaň), zekaty (doly) beriň we rukug edýänler
                                                     (egilýänler) bilen bile rukug ediň (egiliň)!

                                                     44.  (Eý,  ýahudy  alymlary!)  Siz  kitaby
                                                     (Töwraty)  okap  (hakykaty  bilseňiz  hem)
                                                     ynsanlara  ýagşy  işleri  emir  edip,  özüňizi
                                                     bolsa unudýarsyňyzmy? Heý siz akyl ýetirjek
                                                     dälmisiňiz?!


                                                     45.  Sabyr  etmek  we  namazy  berjaý  etmek
                                                     bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we
                                                     namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin
                                                     uly (agyr) işdir.


                                                     46. Takyk, olar (Alladan gorkýanlar) özleriniň
                                                     Perwerdigärine  gowuşjakdyklaryna  we  Oňa
        38. Biz: «Hemmäňiz ondan (jennetden ýere)    dolanyp barjakdyklaryna anyk ynanýarlar.
        düşüň! Soň size Menden bir dogry ýol (kitap
        ýa-da pygamber) gelse, (kim) Meniň ol dogry   47.  Siz  Meniň  size  beren  nygmatlarymy  we
        ýoluma tabyn bolsa, olara gorky-howp ýokdur   sizi (Musa pygamberiň döwründe) bütin äleme
        we olar gamgyn hem bolmazlar» diýdik.        üstün eden (wagtlarymy) ýatlaň!



        39.  Biziň  aýatlarymyzy  inkär  edip,  ýalan  Düşündiriş: Oňki döwürlerde haýsy millete pygamber iberilse,
        hasaplaýanlar,  ine,  olar  dowzahylaryň  hut   şol  millet  üstün  hasaplanar  eken.  Ol  millet  hem,  özlerine
        özleridir.  Olar  ol  ýerde  (dowzahda)  ebedi   iberilen  pygamber  sebäpli,  abraýly  hasaplanylypdyr.  Ýöne
                                                     olaryň Allanyň öňündäki jogapkärçilikleri hem beýlekilerden
        galarlar.                                    has uly bolupdyr.


        40. Eý, ysraýyl ogullary! Siz Meniň size (ata- 48.  Siz  hiç  kimiň  başga  birine  derek  töleg
        babalaryňyza)  beren  nygmatlarymy  ýatlaň!  töläp  bilmeýän,  hiç  kimden  şepagat  (kömek)
        Meniň  size  (sylag  berjek  diýip)  beren  ähti- kabul edilmeýän, hiç kimden fidýe (töleg puly)
        peýmanyma  wepaly  bolmagym  üçin,  siz  alynmaýan  we  hiç  kime  (hiç  hili)  ýardam
        hem maňa (tabyn boljakdygyňyz üçin) beren  edilmeýän günden gorkuň!
        ähti-peýmanynyza  wepaly  boluň!  Siz  diňe
        Menden heder ediň!                           Düşündiriş:  Şepagat  –  bir  adamyň  günäsiniň  geçilmegi  üçin
                                                     edilen haýyşdyr, kömekdir. Alla kyýamat gününde öz ygtyýary
                                                     bilen  islendik  bendesine  başga  birini  şepagat  etme  hakyny
        Düşündiriş: Ysraýyl Ýakup pygamberiň lakamydyr. Manysy   berip bilýär.

                                                                                          8
   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11   12