Page 104 - Kurany Kerim Meali
P. 104

163. Takyk, Biz, Nuha we ondan soňky
                pygamberlere wahyý edişimiz ýaly, saňa-
                da  wahyý  etdik. Ybraýyma, Ysmaýyla,
                Yshaka,  Ýakuba  we  neberesine,  Isa,
                Eýýuba, Ýunusa, Haruna we Süleýmana
                (hem)  wahyý  inderdik.  Dawuda  hem
                Zebury berdik.

                164.  Saňa  (kyssalaryny)  öň  aýdyp
                beren  ençeme  ilçilerimizi,  (şeýle  hem)
                saňa  (kyssalaryny)  öň  aýdyp  bermedik
                ençeme ilçilerimizi (iberdik). Alla Musa     Allanyň  ýolundan  dönderenler,  (olar)
                bilen sözleşip gepleşdi.                     hak ýoldan bütinleý azaşanlardyr.


                165.  Ilçiler  (gelip,  dogry  ýol  äşgär    168.  Takyk,  Alla  (haky)  inkär  edip,
                edilenden)    soň,   ynsanlarda    Alla      (pygamberi  ýalançy  hasaplap)  zulum
                garşy  (öňe  sürüp  biljek  hiç  bir)        edenleriň (günälerini) bagyşlamaz. Olary
                bahanalary  bolmazlygy  üçin,  (Biz          dogry ýola hem salmaz.
                ol)  ilçileri  (rahmetimizi)  buşlaýjylar
                we  (gazabymyzy)  duýduryjylar  edip         169.   (Olary)    diňe   içinde   ebedi
                (iberdik).  Alla  Gudraty  güýçlüdir‚        (galjak)  ýerleri  bolan  dowzah  ýoluna
                hikmet eýesidir.                             (gönükdirer). Bu Alla üçin örän aňsatdyr.


                166.  Emma  Alla  saňa  inderen  zadyna      170.  Eý,  ynsanlar!  Ol  pygamber  size
                (Kurana)  şaýatlyk  eder.  (Ol)  ony         Perwerdigäriňizden haky getirendir. Bes,
                Özüne  (mahsus)  ylmy  bilen  inderendir.    öz  bähbidiňiz  üçin  oňa  iman  getiriň!
                Perişdeler  hem  muňa  şaýatlyk  ederler.    Eger inkär etseňiz, (bilip goýuň), takyk,
                Alla ýeterlik şaýatldyr.                     asmanlardaky  we  ýerdäki  (ähli)  zat
                                                             Allanyňkydyr. Alla (ähli zady)bilýändir,
                167. Takyk, inkär edenler we (ynsanlary)     hikmet eýesidir.

                                                                                                 105
   99   100   101   102   103   104   105   106   107   108   109