Page 121 - Kurany Kerim Meali
P. 121

üçin  Allanyň  gazabyna  (sebäp  bolan)
                                                      zady  (erbetlikleri)  taýýarlady.  Olar
                                                      azapda ebedi galarlar.


                                                      81.  Eger  olar  Alla,  pygambere  we
                                                      oňa  inderilene  (Kurana)  iman  getiren
                                                      bolsadylar, (onda) olary (kapyrlary) dost
                                                      tutunmazdylar.  Emma  olaryň  köpüsi
                                                      (ýoldan çykan) pasyklardyr.

                                                      82.  Sen  ynsanlaryň  içinde  iman
                                                      getirenlere   iň   gazaply    duşmanyň
                                                      ýahudylar we (Alla) şärik goşanlardygyny
                                                      görersiň.   Kasam    bolsun!    Olardan
                                                      (ynsanlardan) iman getirenlere dostlukda
                                                      iň ýakyn (bolanlaryň) «Biz nasranylar»
                                                      diýenlerdigini  görersiň.  Sebäbi  olaryň
                                                      arasynda (öz dini taglymatlary boýunça
                                                      amal  edýän)  alymlar  we  ruhbanlar
          77. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Eý,       (yhlasly ybadathonlar) bardyr. Olar (haka
          ähli-kitap! Diniňizde nähak ýere hetden     boýun bolmakda) ulumsylyk etmezler.
          aşmaň  we  (Muhammet  gelmezden)
          öň  azaşan  we  köpleri  azaşdyran,         Düşündiriş:  Bu  aýat  Hebeşistandaky  hristianlar
          dogry  ýoldan  (yslamdan)  azaşanlaryň      hakynda  inipdir.  Yslamyň  ilki  döwürlerinde,
          isleglerine boýun bolmaň!» diýip aýt.       Mekgäniň  kapyrlary  musulmanlara  dürli  ýollar
                                                      bilen  ezýet  berensoňlar,  pygamberimiz  olara
          78. Ysraýyl ogullaryndan kapyr bolanlar     Hebeşistana göçmäge rugsat berýär. Musulmanlar
          Dawudyň  we  Merýem  ogly  Isanyň           ol  ýere  baranlarynda,  Hebeşistanyň  hökümdary
          dilinde  näletlendiler.  Bu  olaryň  asy    Nejaşy  olaryň  haýsy  dine  uýýandyklaryny
          bolandyklary  we  hetden  aşandyklary       sorapdyr. Musulmanlar Muhammet aleýhissalam
          sebäplidir.                                 we  yslamyň  esasy  ýörelgeleri  hakda  maglumat
                                                      berip, oňa Kurany Kerimiň «Merýem» süresini
          79. Olar biri-birlerini erbet iş etmekden   okap berýärler. Şonda Nejaşy, onuň ýanyndaky
          gaýtarmaýardylar. Bes, olaryň edýän bu      alymlar we ybadathonlar yslamyň hak dindigine,
          işleri nähili erbetdir.                     Kuranyň  bolsa  ylahy  kitapdygyna  göz  ýetirip,
                                                      onuň  aýatlarynyň  täsirinden  ýaňa  gözýaş
          80. Sen olaryň köpüsiniň kapyrlary dost     döküpdirler.
          tutunýandygyny görersiň. Nebisleri olar

                                                                                        122
   116   117   118   119   120   121   122   123   124   125   126