Page 181 - Kurany Kerim Meali
P. 181

aleýhissalamyň  dininiň  aslyny  üýtgedişleri
                                                      ýaly,  haj  ybadatyny  hem  üýtgedipdiler.  Erkek-
                                                      aýal‚  ýarym  ýalaňaç‚  el-ele  tutuşyp‚  Käbäniň
                                                      töwereginde  aýlanardylar‚  sykylyk  atyp‚  el
                                                      çarpyşýardylar.  Pygamberimiz  Käbä  gelende‚
                                                      oňa  garşylyk  hökmünde  bu  hereketlerini  has-
                                                      da artyrdyrýardylar we muny ybadat hökmünde
                                                      edýärdiler.

                                                      36. Kapyrlar, ynsanlary Allanyň ýolundan
                                                      daşlaşdyrmak  üçin,  gazançlaryny  sarp
                                                      edýärdiler.  Olar  ýene-de  sarp  ederler!
                                                      Emma  maksatlaryna  ýetmänsoňlar‚  bu
                                                      olar üçin ýürek agyrysy bolar‚ soň hem
                                                      olar  ýeňlişe  sezewar  edilerler.  (Haky)
                                                      inkär  edenler  jemlenilip,  dowzaha
                                                      ugradylar.

                                                      37.  Alla  murdary  päkizeden  (mömini
                                                      kapyrdan) aýyrar‚ murdary biri-birleriniň
                                                      üstüne  mündürip‚  hemmesini  bir  ýere
                                                      jemlär  hem-de  üýşürip,  hemmesini
                                                      birlikde  dowzaha  salar.  Ine‚  zyýan
                                                      çekenler şolardyr.

          34.   Eýsem‚     Alla   olary    neneň
          jezalandyrmasyn?  Sebäbi  olar  Mesjidi-    38.  (Eý‚  Muhammet!)  Kapyrlara  aýt:
                                                      «Eger (pygambere duşmançylykdan ýüz
          Haramyň (Käbäniň) mynasyp hak eýeleri       öwrüp) yslama girseler‚ olaryň öňki eden
          bolmasalar-da‚ ony zyýarat etmek isleýän    günäleri  bagyşlanar.  Ýok‚  eger  ýene
          möminleri yzyna gaýtarýarlar! Ol (ýere      duşmançylyga baş goşjak bolsalar‚ onda
          hyzmat  etmäge  we  ony  dolandyrmaga)
          mynasyp  bolanlar  (Allany  hormatlap‚      özleri  ýalylaryň  başyna  gelen  ahwalat
                                                      olaryň hem depesinden iner!».
          Oňa    şärik   goşmakdan     saklanan)
          takwalardyr. Ýöne olaryň aglabasy muny      39. Pitne (bütinleý) ýok edilip‚ din Alla
          bilmezler.
                                                      üçin  (berkarar)  bolýança‚  olara  garşy
                                                      söweşiň! Eger (pitneden) ýüz öwürseler‚
          35.  Olaryň  Mesjidi-Haramdaky  dileg-      olara  degmäň!  Alla  olaryň  edýänlerini
          dogalary  bolsa  sykylyk  atyp‚  el         görýändir.
          çarpmakdan  başga  zat  däldir!  Küpür
          edýänlerden  bolanyňyz  üçin‚  hany‚        40.  Eger  kapyrlar  täzeden  pitnä  baş
          azaby dadyp görüň!
                                                      goşsalar‚  onda  bilip  goýuň‚  Alla
                                                      siziň  penakäriňizdir.  Ol  nähili  ajaýyp
          Düşündiriş: Mekgeli kapyrlar, hezreti Ybraýym
                                                      Hossardyr‚ nähili ajaýyp Kömekçidir!
                                                                                        182
   176   177   178   179   180   181   182   183   184   185   186