Page 180 - Kurany Kerim Meali
P. 180

26.  Pikirlenip  görüň‚  bir  wagtlar  siz
                bu  ýeriň  ýüzünde  az  sanlydyňyz  we
                ejizdiňiz.  Hatda  ynsanlaryň  sizi  horlap
                sütem  etjekdiklerinden  hem  heder
                edýärdiňiz. Bu ýagdaýdakaňyz Alla size
                ýer-ýurt  nesip  etdi‚  ýardam  berip,  sizi
                goldady‚ siziň şükür etmegiňiz üçin size
                päkize we halal zatlar bilen rysgalyňyzy
                artdyrdy.


                27. Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň
                ilçisine  hyýanat  etmäň‚  bilip  durkaňyz
                özüňize degişli amanatlara hem hyýanat
                etmäň!

                28. Bilip goýuň‚ siziň gazananlaryňyz we     31.  Olar  biziň  aýatlarymyz  okalan
                perzentleriňiz diňe synagdyr. Beýik sylag    wagty:  «Eşitdik!  Islesek‚  bizem  muňa
                bolsa ahyretde Allanyň ýanyndadyr.
                                                             meňzeşini  oýlap  taparys.  Bu  öň  ötüp
                                                             geçen ynsanlaryň toslan rowaýatlaryndan
                29.  Eý‚  iman  getirenler!  Siz  Alladan    başga zat däl» diýerler.
                gorkup‚  haramdan  saklansaňyz‚  Alla
                size  hakykaty  ýalandan  saýlap  biljek     32.  Hany,  bir  wagtlar  olar:  «Eý‚
                paýhas güýjüni berer‚ siziň günäleriňizi     Perwerdigärim!  Eger  bu  Kuran  Seniň
                örter‚  sizi  ýalkar. Alla  beýik  merhemet   tarapyňdan gelen hak kitap bolsa‚ häziriň
                eýesidir.
                                                             özünde  üstümize  asmandan  daş  ýagdyr
                                                             ýa-da bize agyr bir azap ber!» diýipdiler.
                30.  Bir  wagtlar  kapyrlar  seniň  eliňi-
                goluňy  baglap‚  zyndana  atalymy  ýa-       33.  Ýöne  sen  olaryň  arasyndakaň,
                da  ýok  edelimi‚  ýa-da  seni  ýurtdan      Alla olara azap bermez, eger olar (toba
                kowalymy diýip, ençe duzak gurnapdylar.      etseler)  hem-de  günäleriniň  geçilmegi
                Olar  duzak  gursa  gurubersinler‚  Alla     üçin  ýalkaw  dileseler,  onda  Alla  olara
                hem olara duzak gurýandyr. Alla duzak        azap bermekçi däldir.
                gurýanlaryň iň ökdesidir.

                                                                                                 181
   175   176   177   178   179   180   181   182   183   184   185