Page 210 - Kurany Kerim Meali
P. 210
15. Olara (manysy) äşgär aýatlarymyz
okalanda, Bize duşmak umydy bolmadyk
ol kişiler: «(Eý, Muhammet!) Bize
mundan başga bir Kuran getir ýa-da
ony üýtget!» diýdiler. (Eý, Muhammet!
Sen olara) aýt: «Meniň ony öz-özümden
üýtgetmegim bolup biljek zat däl.
Men diňe maňa wahyý edilene tabyn
bolýaryn. Eger men (siziň diýeniňizi
edip) Perwerdigärime boýun bolmasam,
(ahyretde beriljek) uly günüň azabyndan
gorkýaryn».
16. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger
Alla islemese, men ony (Kurany) size
okamazdym we (Alla meniň üstüm
bilen) ony size ýetirmezdi. Eýsem,
ondan (Kuranyň inderilmeginden)
owal hem bir ömür (kyrk ýyl) siziň
araňyzda ýaşapdym-a! Akylyňyzy 19. (Owalda) adamlar diňe bir
ulanmaýarsyňyzmy?! ymmatdylar. Soň (oňuşman) gapma-
garşy boldular. Eger Perwerdigäriň
17. Eýsem, ýalan toslap, ony Alla tarapyndan geçmişde (owal takdyrda
ýöňkeýän ýa-da Onuň aýatlaryny ýalan Haka garşy çykanlara möhlet bermek
hasaplaýan kişiden has zalym kim bar? we olara dessine azap bermezlik babatda
Takyk, günäkärler halas bolmazlar. berlen) bir söz bolmasady, elbetde,
olaryň çaprazlyga düşen zatlary barada
18. Olar Alladan özge, özlerine zyýan (şu dünýäde jeza) höküm berlerdi.
hem, peýda hem berip bilmeýünlere
ybadat edýärler hem-de: «Bular Allanyň 20. (Olar): «Oňa (Muhammede)
ýanynda biziň şepagatçylarymyzdyr» Perwerdigäri tarapyndan (başga) bir aýat
diýýärler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz (mugjyza) inderilmeli dälmi?» diýýärler.
Alla asmanlarda we ýerde (bar bolup, (Olara) aýt: «Gaýyby (gaýypdan geljek
Onuň) bilmeýän bir zadyny habar zatlary bilmek) diňe Alla mahsusdyr.
berýärsiňizmi?». Ol (Alla) olaryň şärik Garaşyberiň! Men hem siz bilen bile
goşýan zatlaryndan päkdir we beýikdir. garaşýaryn».
211