Page 56 - Kurany Kerim Meali
P. 56

46. Ol sallançakda-da, kemala gelende-
                de, ynsanlar bilen gepleşer we salyhlardan
                bolar» diýdiler.

                47. Ol (Merýem): «Eý, Perwerdigärim!
                Maňa  hiç  bir  ynsan  (erkek)  degmedi,
                meniň  nädip  çagam  bolup  biler?»
                diýende,  (Alla):  «Alla  islän  zadyny
                ýaradýandyr.  Ol  bir  işiň  bolmagyny
                islese,  oňa  (diňe)  «Bol!»  diýer,  ol  hem
                dessine (peýda) bolar» diýdi.
                                                             50.  Men  özümden  öňki  Töwraty
                48. Ol (Alla) oňa (Isa) kitaby (ýazmagy),    tassyklamak we size (Musanyň dininde)
                hikmeti, Töwraty we Injili öwreder.          haram  edilen  käbir  zatlary  halal  etmek
                                                             üçin geldim. Men size Perwerdigäriňizden
                49.  (Ony)  ysraýyl  ogullaryna  ilçi  edip   bir alamat (mugjyza) getirdim. Bes, siz
                iberer.  (Isa  olara  şeýle  diýdi):  «Takyk,   Alladan gorkuň we maňa tabyn boluň!
                men  size  Perwerdigäriňizden  bir  aýat
                (mugjyza)  getirdim.  Takyk,  men  size      51. Takyk, Alla meniň Perwerdigärimdir,
                palçykdan guşuň şekiline meňzeýän bir        siziň-de  Perwerdigäriňizdir.  Bes,  Oňa
                zat ýasap, oňa üflärin. Ol Allanyň rugsady   ybadat ediň! Ine, bu dogry ýoldur».
                bilen  şolbada  (janly)  guş  bolup  (uçar).
                (Şeýle-de)  men  Allanyň  rugsady  bilen     52. Isa olardan küpüri aňanda: «Allanyň
                dogabitdi köri we pis kesellini sagaldyp,    (ýolunda) meniň kömekçilerim kimler?»
                ölüleri  direlderin.  Size  öýleriňizde      diýdi.  Hawarylar  (şägirtleri):  «Allanyň
                näme  iýýändigiňizi  we  näme  ýygnap        (ýolunda)  kömekçiler  bizdiris.  Biz
                goýandygyňyzy hem habar bererin. Eger        Alla iman getirdik. (Eý, Isa!) Sen biziň
                mömin  bolsaňyz,  takyk,  munda  siziň       musulmandygymyza şaýat bol!
                üçin ybrat bardyr.

                                                                                                   57
   51   52   53   54   55   56   57   58   59   60   61