Page 242 - Kurany Kerim Meali
P. 242
53. «Men nebsimi aklamaýaryn. Çünki
nebis elmydama ýamanlygy emir
edijidir. Diňe Perwerdigärimiň merhemet
eden (bendesi ýaman işleriň ugruna
gitmez). Takyk, meniň Perwerdigärim
Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
54. Hökümdar: «Ony (Ýusuby) maňa
getiriň, özüme geňeşçi (ýakyn adam)
edineýin» diýdi. (Hökümdar) onuň bilen
gürleşende: «Bu gün sen meniň ýanymda
mertebeli, ynamdar (kişisiň)» diýdi.
55. (Ýusup): «Meni (şu) ýeriň
hazynalaryna (gözegçi edip) belle. Çünki
men gowy gözegçilikde saklaýjy, (bu işiň
ýagdaýyny) bilýändirin» diýdi.
56. Şeýdip, Ýusuby islän ýerinde
ornaşmagy (üçin) ol ýerde (Müsürde)
ýerleşdirdik. Biz islän kişimize
rahmetimizi nesip ederis. Biz ýagşylyk
edýän (dürs, dindar kişileriň) hakyny-
sogabyny köýdürmeris.
57. Elbetde, iman getirenler we
(günälerden) saklanýanlar üçin ahyret
peşgeşi has haýyrlydyr. 61. (Olar): «Ony atasyndan diläris.
Elbetde, biz (muny) hökman ederis»
58. Ýusubyň doganlary geldi we onuň diýdiler.
ýanyna girdiler. (Ýusup) olary tanady,
(ýöne) olar ony tanamadylar. 62. (Ýusup) ýigitlerine: «Olar
maşgalalaryna dolanyp baranlarynda,
59. (Ýusup) olaryň hajatlaryny bitirensoň ony bilmekleri üçin we olaryň (ýene-
(olara): «Maňa atabir erkek doganyňyzy de) gaýdyp gelmekleri üçin olaryň (däne
(iniňizi) getiriň! Görmeýärsiňizmi, men almak üçin getiren) pullaryny ýükleriniň
(bugdaýy) doly ölçäp berýärin. Men içine salyň!» diýdi.
myhmansöýerleriň ýagşysydyryn.
63. (Wezir) olar atalarynyň ýanyna
60. Eger ony (iniňizi) maňa getirmeseňiz, dolanyp baranlarynda: «Eý, atamyz!
size meniň ýanymda bir ölçeg Bize bir ölçeg (mukdaryndaky däne)
(mukdardaky bugdaý) hem ýokdur. hem gadagan edildi. Doganymyzy biziň
(Ony getirmeseňiz) maňa golaýlaşmaň!» bilen iber. Ölçäli (paýymyza düşeni alaly.
diýdi. Ynamsyzlyk etme.) Biz ony hökman
gorarys» diýdiler.
243