Page 32 - Kurany Kerim Meali
P. 32
203. Siz sanalgy (gurbanlyk) günlerinde
Allany ýatlaň (tekbir aýdyň)! Kim
howlugyp, (gurban baýramy gününden
soňky) iki günüň içinde (Minadan
Mekgä) gaýdyp gelmek islese, oňa günä
ýokdur. (Bular) Alladan gorkýanlar
üçindir. Alladan gorkuň we özüňiziň
Onuň huzurynda jemlenjekdigiňizi biliň!
Düşündiriş: Tekbir aýtmak – «Allahu ekber»
(«Alla örän beýikdir») diýmek bolup, hanafy
alymlarynyň pikirine görä, bu aýatdaky «sanalgy
(gurbanlyk) günlerinden» maksat gurbanlyk
günlerindäki aýdylýan tekbirlerdir. Bu tekbirler
gurban aýynyň dokuzy güni ertir namazynyň
parzyndan başlap, tä gurban aýynyň on üçünji
güni ikindi namazynyň parzyna çenli, jemi 23
namazyň yzyndan aýtmak wajyp hasaplanylýar.
204. Ynsanlaryň arasynda käbiriniň
dünýä ýaşaýşy baradaky sözleri saňa hoş
gelip biler. Hatda (käbirleri) kalbyndaky
(aýdýan) zadynyň (çynydygyna) Allany
hem şaýat tutunar. (Hakykatda bolsa), ol 208. Eý, iman getirenler! Siziň hemmäňiz
(musulmanlara) iň ganym duşmandyr.
(jem bolup) yslama giriň we şeýtanyň
ädimleriniň (yzyna) düşmäň! Çünki ol
205. Ol (ikiýüzli seniň ýanyňdan) gidip
(bir işiň başyna barsa) ýer ýüzünde pitne- siziň üçin äşgär duşmandyr.
pisat çykarmak, ekinleri zaýalap, nesli 209. Eger siz özüňize (Kuran we sünnet
bozmak üçin tagalla eder. Alla pitne-
pisady halaýan däldir. ýaly) äşgär deliller gelenden soň (hak
ýoldan) taýsaňyz (ýüz öwürseňiz), takyk,
206. Oňa: «Sen Alladan gork» diýilse, Allanyň Gudraty güýçlüdigini we hikmet
gopbamlygy ony günä işlere alyp geler. eýesidigini bilip goýuň!
Oňa (jeza hökmünde) dowzah (ýeter). Ol
ýer nähili erbet düşekdir (ýerdir)! 210. (Ýa-da) olar (kapyrlar) bulut
kölegeleriniň içinde Allanyň (özüne
207. Ynsanlaryň arasynda Allanyň laýyk görnüşde) perişdeler bilen bile
razylygyny gazanmak üçin öz janyny özlerine gelmegine we (kyýamatyň
gopup, hasaba çekilme) işleriniň (doly)
satýanlar (pida edýänler) hem bardyr.
Alla bendelerine Mähirlidir. amala aşyrylmagyna garaşýarlarmy?
(Ähli) işler (soňunda) Alla gaýdyp barar!
33