YZA

BAKARA SÜRESINIŇ SOŇKY IKI AÝATY BARADA

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kimdir biri bir gijäniň içinde Bakara süresiniň iki aýatyny (Amenerrasulu) okasa, şol iki aýat oňa (ybadat hökmünde we belalardan goranmak üçin) ýeter”.

***

Ebu Zerden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Allatagalla Bakara süresini şeýle bir iki aýat bilen tamamlady, şol aýatlar maňa Arşyň aşagyndaky hazynadan berildi. Bulary öwreniň, aýallaryňyza we ogullaryňyza öwrediň. Sebäbi bu iki aýat hem namazdyr, hem Kurandyr, hem dogadyr”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kuranda şeýle bir iki aýat bar, şol aýatlar möminler üçin şypa we Allanyň söýýän zatlaryndandyr. Şol iki aýat Bakara süresiniň soňky iki aýatydyr.”

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Şeksiz, Allatagalla gökleri we ýeri ýaratmazdan 2000 ýyl öň bir kitap ýazdy we şol kitapdan iki aýat indirip Bakara süresini şol iki aýat bilen tamamlady. Bu iki aýat bir öýde 3 gije okalsa, şeýtan ol öýe ýakynlaşyp bilmez”.

***

Resulullah şeýle diýipdir: “Kim Aýatül-Kürsini we Bakara süresiniň ahyryny kynçylykdaka okasa, Allatagalla oňa kömek eder”.

***

Hezreti Omar we Hezreti Aly şeýle diýipdirler: “Bakara süresiniň soňky iki aýatyny okaman ýatan adamyň akyly ýerinde däldir”.

***

Bahreddin Aýni şeýle diýýär: Amenerrasuluny okaýan üçin bu aýatlar gije ybadat we zikir ýerine geçer. Sogap hökmünde ýeter. Şol gije bolup biläýjek apatlardan, şeýtanyň, adamlaryň we jynlaryň şerlerinden (erbetliklerinden) gorar.

Back to Top