MENÝU 

Istihare namazy


Istihare – bir zadyň haýyrlysyny dilemek diýmekdir. Istihare namazy mübah bolan bir işde nähili hereket etmegiň dogrudygy bilinmeýän ýagdaýda okalýar. Bu iki rekagat namazdyr. Istihare namazynyň birinji rekagatynda «Käfirun» ikinji rekagatynda bolsa «Yhlas» suresini okamak mustahapdyr. Bu namazdan soň, Resulullahdan rowaýat edilen käbir dogalary okamalydyr. Istihare dogasy hökmünde iň meşhury Jabir b. Abdullahdan (r.a.) rowaýat edilen şu hadysdyr:

«Allahym! Sen bilýänligiň üçin, senden özüm hakynda maňa haýyrlysyny bildirmegiňi dileýärin. Güýjüňe daýanyp, Senden güýç we takat dileýärin. Haýyra eýermegimi, seniň bol fazly-keremiňden nyýaz edýärin. Çünki, Seniň her bir zada güýjüň ýetýär. Men bolsa ejizdirin. Sen her bir zady bilýärsiň. Men welin bilmeýärin. Sen gaýyby älemi durşuna bilýärsiň.
Allahym! Sen bu işiň meniň dinim, ýaşaýşym, işim hem dünýä we ahyretim üçin haýyrly bolsa, muny maňa nesip we miýesser eýle. Şeýle hem mundan meniň üçin feýiz we bereket yhsan et. Eger bu iş meniň dinim, ýaşaýşym, işim hem-de dünýä we ahyretim üçin haýyrly däl bolsa, muny menden sow, meni hem ondan daşlaşdyr. Meniň üçin kalbymdaky oňa bolan meýli aýyr we meniň üçin haýyr nirede bolsa şony miýesser et, şeýle hem bu meselede menden razy bol», (Buhary, Tirmizi).

Istihareden soň kybla bakylyp ýatylýar. Eger düýşüňde ak ýa-da ýaşyl görmek haýyra we gowulyga; gara ýa-da gyrmyzy görmek bolsa şere ýorulýar. Istihare namazyny we dogasyny ýedi gezek gaýtalamak gerekdir. Ibnüs-Sünniden bu barada şeýle rowaýat edilipdir: (Zuhaýli).

Namaz okap istihare etmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýda, diňe ýokardaky dogany okap istihare etmek hem bolar. Ýöne bir meselede istihareden hem gowusy şol meseläni bilýän adamlar bilen maslahat etmekdir. Çünki, her kes istihare edip bilmez.

Back to Top