MENÝU  OKALYŞY 

Nebe: 1/2

1. Olar (biri-birlerinden) nämäni soraşýarlar?
2, 3. Özleriniň (ynanyp-ynanmazlykda) gapma-garşylyga düşen ol uly habarymy?
4. Ýok! Olar tiz wagtda bilerler!
5. Elbetde, olar tiz wagtda bilerler!
6. Biz ýeri düşek edip goýmadykmy?
7. Daglary hem (ýeri saklaýan) gazyk (etmedikmi?)
8. Sizi jübüt edip ýaratdyk.
9. Ukyňyzy dynç alyş etdik.
10. Gijäni (dynç almaklary üçin) örtgi etdik.
11. Gündizi güzeranyňyzy dolandyrmak üçin goýduk.
12. Ýokaryňyzda ýedi mäkäm (asman) bina etdik.
13. Ol ýerde ýagty saçýan bir çyra goýduk.
14, 15, 16. Size tohumlar, ösümlikler, biri-birlerine çolaşan bag-bakjalar ösdürip çykaraly diýip gyslyşan bulutlardan bol ýagyş inderdik.
17. Aýralyk güni (wagty) anyk bolan bir gündür.
18. Ol gün sura üflener, siz hem bölekbölek bolup gelersiňiz.
19. Asman hem gapy-gapy bolup açylar.
20. Daglar ýörediler (herekete geler), salgym ýaly bolar.
21, 22. Takyk, azgynlaryň aýlanyp barjak ýeri (bolan) dowzah (bukuda eline düşjek awlara) buky gurup ýatandyr.
23. (Azgynlar) ençeme wagtlap ol ýerde galarlar.
24. (Olar) ol ýerde ne (jana ýakymly) salkynlyk, ne-de (suwsuzlygy gandyrýan) şerbet dadarlar.
25. (Olar) diňe gaýnag suw bilen iriň dadarlar.
26. (Ine), bu olaryň (dünýäde eden ) etmişlerine ýaraşýan jezadyr.
27. Sebäbi olar hasap (gününiň geljegine) garaşmaýardylar.
28. Olar Biziň aýatlarymyza bütinleý ýalan diýýärdiler.
29. Biz (ähli zady belleýşimiz ýaly) olaryň eden işlerini-de (ýekeme-ýeke) sanap ýazdyk.
30. (Şonuň üçin olara): «Bes, siz (eden etmişleriňiziň miwesini) dadyň! Indi Biz siziň diňe azabyňyzy artdyrarys» (diýeris).

Back to Top