JEWŞEN
(Arap elipbiýi bilen)-
Jewşen näme?
-
Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem), ismi-agzam (iň beýik at) agzalyp edilen doga-dilegleriň kabul boljagyny bize habar berýär (Ibni Mäje, Doga:9). Allatagalla hem Kurany Kerimiň ençeme aýatynda bize öz atlary bilen doga-dileg etmegimizi emir edýär. Muňa mysal bojak käbir aýatlar:
1. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Iň gözel atlar oňa mahsusdyr. (Taha süresi, 8-nji aýat)
2. Ol Alla Halykdyr (Ýaradyjydyr), Barydyr (Ýokdan bar edijidir), Musawwyrdyr (Şekil-surat berijidir). Ähli gözel atlar Onuňkydyr. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Ony tesbih eder. Ol Gudraty güýçlidir, hikmet eýesidir. (Haşr süresi, 24-nji aýat)
3. (Eý Muhammet!) Aýt: “Isle Alla diýip, isle Rahman diýip dileg ediň! Allanyň haýsy ady bilen dileg etseňiz ediň! Onuň gözel atlary bardyr”. Namaz okanyňda sesiňi gataltma, gizlin hem okama. Bu ikisiniň arasynda bir ýoly tut. (Isra süresi, 110-njy aýat)
Jewşeni-Kebir dogasy durşuna Allanyň gözel atlaryndan we sypatlaryndan ybaratdyr. Şol bi wagtda, bu dogany okan, Allanyň barlygy, birligi, gözelligi, we beýikligi barada pikir edip aň ýetirip biler.
Jewşen dogasyny Pygamberimize hut Jebraýyl perişdäniň özi “sowduňy çykar-da şu dogany oka!” diýip öwredipdir. “Jewşen” sözü hem “sowut, galkan” diýmekdir. Jewşen “wahýy zymni”-dir, ýagny, Allatagalla tarapyndan indirilen, emme Kurany Kerimiň aýaty däldir. Jewşen, dünýäde we ahyretde ähli zatlardan goranmak maksady bilen Allatagalla edilýän külli dogadyr. Jewşen dogasyny Hezreti Alynyň hut özi söýgüli Pygamberimizden (s.a.w) eşidip rowaýat edipdir.
-
- 1-10 baplar
- 11-20 baplar
- 21-30 baplar
- 31-40 baplar
- 41-50 baplar
- 51-60 baplar
- 61-70 baplar
- 71-80 baplar
- 81-90 baplar
- 91-100 baplar
- Jewşeniň dogasy