MENÝU  OKALYŞY 

Fetih: 1/5

1. (Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa äşgär (uly) ýeňşiň (ýoluny) açdyk.
2. Alla (bu ýeňşi) seniň öten we geljekki ähli günäleriňi bagyşlamak, saňa Öz nygmatyny (doly) nesip etmek hemde seni dogry ýola gönükdirmek üçin (miýesser eder).
3. (Şeýle-de) Alla saňa uly bir ýeňiş bilen goldaw bermek (isledi).
4. Imanlarynyň has-da artmagy üçin möminleriň kalplaryna imanlary bilen aramlyk inderen Oldur. Asmanlaryň we ýeriň goşunlary Allanyňkydyr. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
5. (Bularyň hemmesi) mömin erkekleri we mömin aýallary aşagyndan derýalar akýan jennetlere, ol ýerde ebedi galmak hem-de olaryň erbetliklerini örtmek üçindir. Bu Allanyň ýanynda uly bir üstünlikdir.
6. (Şeýle-de bular) Alla hakdaky pikirleri erbet pikir bolan mynapyk erkeklere we mynapyk aýallara, (Alla) şärik goşan erkeklere we (Alla) şärik goşan aýallara azap bermek üçindir. (Musulmanlar üçin arzuw eden) erbetlik girdaby olaryň (başyna) bolsun! Alla olara gazap edip, olary näletländir hem-de olara dowzahy taýýarlandyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir!
7. Asmanlaryň we ýeriň goşunlary Allanyňkydyr. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
8. Takyk, Biz seni şaýat, buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik.
9. (Eý, möminler!) Biz (pygamberi) siziň Alla we Onuň ilçisine iman getirmegiňiz, oňa goldaw bermegiňiz, oňa sylaghormat goýmagyňyz we ertir-agşam Allany tesbih etmegiňiz üçin (pygamber iberdik).

Back to Top