MENÝU  OKALYŞY 

Ýasin: 1/6

1, 2. Ýäsin. Hikmetli Kurana kasam bolsun!
3. Takyk, sen iberilen (pygamberlerdensiň).
4. Sen dogry ýoldan barýarsyň.
5, 6. Bu (Kuran) Gudraty güýçli we Rehimşepagatly (Alla) tarapyndan ata-babalaryna duýduryş berilmedik, (şonuň üçin hem) gapyl galan kowuma duýdurmagyň üçin inderilendir.
7. Kasam bolsun! Olaryň köpüsine (jeza bermek) söz hakykat boldy! Bes, olar iman getirmezler.
8. Biz olaryň boýunlaryna eňeklerine çenli ýetip duran halkalar geçirdik. (Şol halkalar sebäpli) kelleleri ýokaryk bakyp durandyr.
9. Biz olaryň öňlerinden bir bent, yzlaryndan hem bir bent etdik. (Şeýdip), olary gabap goýduk. Indi olar (hakykaty) görüp bilmezler.
10. Sen olary (azap bilen) gorkuzsaň-da, gorkuzmasaň-da, (olar üçin) tapawudy ýok, (bary bir) ynanmazlar.
11. Sen diňe Kurana eýerýän görmese hem, Rahmandan (Alladan) gorkýan (adama) duýduryp bilersiň! Ine, ony (Allanyň) ýalkawy we ýagşy sylagy bilen söýünjile.
12. Takyk, Biz ölüleri hökman direlderis we olaryň öň eden (hemme işlerini) hemde (soňky galdyrjak) yzlaryny (işlerini) ýazyp goýarys. Biz ähli zady aýdyň ýol görkezijide (Lowhy-mahfuzda) ýazyp goýduk.

Back to Top