MENÝU  OKALYŞY 

Haşr süresiniň soňky aýatlary

20. Dowzahylar bilen jennetiler deň bolmaz. Jennetiler üstünlige ýetenleriň hut özleridir.
21. Eger biz bu Kurany bir dagyň (depesine) indersedik, onuň (dagyň) Alladan gorkusyna başyny egip, bölekbölek boljakdygyny görerdiň! Ine, Biz mysallary pikirlenmekleri üçin ynsanlara düşündirýäris.
22. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol görülýän we görülmeýän (ähli) zady bilýändir. Ol Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr).
23. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol Melikdir (Hökümdadyr), Kuddusdyr (Kemçiliklerden päkdir), Salamdyr (Salamatlyga ýetirýändir), Mömindir (Amanlyga ýetirýändir), Muheýmindir (Seredip duran gözegçidir), Ezizdir (Gudraty güýçlüdir), Jepbardyr (Güýç ulanyjydyr), Mutekebbirdir (Beýiklikde deňi-taýy ýokdur). Alla özüne şärik goşýanlaryň aýdýan zatlaryndan päkdir (hem-de beýikdir).
24. Ol Alla Halykdyr (Ýaradyjydyr), Barydyr (Ýokdan bar edijidir), Musawwyrdyr (Şekil-surat berijidir). Ähli gözel atlar Onuňkydyr. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Ony tesbih eder. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.

Back to Top