MENÝU 

Hajat namazy


Hajat - mätäç bolunan, gerekli zatlar diýmekdir. Bir zat isleýän wagtymyz, şol zady Alladan talap etmezden öň kylynýan namaza Hajat namazy diýilýär. Kurany Kerimiň Bakara süresinde şeýle diýlýär: "Sabyr we namaz bilen Alladan ýardam diläň". Şol sebäpli hem bir zada mätäç bolan adamyň namaz we doga bilen Alla ugrukmasyndan has adaty zat ýokdyr.

Hajat namazy, ýassy namzyndan soň iki, dört ýa-da on iki rekagat şeklinde kylynýar. Hezreti Pygamberimizden (sallallahu aleýhi we sellem) gelen bir rowaýata görä, Hajat namazynyň birinji rekagatynda Fatiha süresinden soň üç gezek Aýatul-Kursi, beýleki rekagatda (ýa-da rekagatlarda) bolsa Fatiha süresinden soň Yhlas we Muawwizeteýn (Felak we Nas) süreleri okalýar.

Hajat namazy dynandan soň, Alla hamd edip, Resululla salawat aýdyp, bir hajat dogasyny okamak sünnetdir. Her hili hajat dogasy bar. Bulardan biri:

"Lä ilahe illallahul-halimul-kerimu subhanallahi rabbil-arşil-azym. Elhamdulillahi rabbil-alemin. We es'eluke mujibati rahmetike we azaime magfiratike wel-ganimete min külli birabbi wesselamate min kulli ismin la tada'li zenben illa gafartehu we la hemmen illa ferrejtehu we la hajeten hiýe leke rydan illa kadaýtehu ýa erhamer-rahimin"

Manysy
Halim we Kerim bolan Alladan başga hudaý ýok. Beýik Arşyň eýesi bolan Alla nogsanlardan päkdir. Hamd älemleriň Rebbi bolan Alla mahsusdyr. Senden merhemediňden gelýän, merhemediň geregi bolan zatlary isleýärin. Bagyşlamagyň görnüşlerini, ähli ýagşylyklara eýe bolmagy we ähli günälerden gaça durmak üçin güýç, kuwwat we niýeti senden isleýärin. Mende bagyşlanmadyk günä we dep edilmedik gam-gussa goýma. Razylygyňa gabat geläýjek şekilde meniň isleg we talaplarymy ýerine getirmegiňi Senden dileýärin, eý merhemetlileriň iň merhemetlisi."

Ýokardaky dogalardan arapçasyny ýa-da türkmençesini okanymyzdan soň öz isleg we dogalarymyzy aýdyp bileris.

Back to Top