MENÝU  OKALYŞY 

Rahman: 1/4

1, 2. Rahman (bolan Alla ynsana) Kurany öwretdi.
3, 4. (Öz gudraty bilen) ynsany ýaratdy, oňa (düşünjelerini) beýan (etmegi) öwretdi.
5. Gün we Aý (kesgitlenilen) belli bir hasap bilen (hereket edýärler).
6. Ösümlikler (ýyldyzlar) we bagbakjalar (Alla) sežde edýärler.
7. Ol (Alla) asmany galdyrdy we ölçegi (terezini) goýdy.
8. Ölçegde-terezide hetden aşmaň (dürs boluň)!
9. Ölçegi (terezini) adalatly çekiň we terezide (ölçegde) kem çekmäň!
10. (Alla) ýeri (ýaradylan) janly zatlar üçin taýýar edip goýdy.
11, 12. Ol ýerde miweler we pyntyk açan hurma (agaçlary), samanly (harpykly) däneler we hoşboý ysly güller (ösümlikler) bardyr.
13. (Eý, ynsanlar we jynlar!) Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
14. Alla ynsany (Adam atany) bişen toýun ýaly saň-gaty gury palçykdan ýaratdy.
15. Jyny (jynlaryň atasyny) bolsa oduň ýalkym saçýan alawyndan ýaratdy.
16. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?

Back to Top