MENÝU 

Tehejjüd (gije) namazy


Gije namazynyň wagty aýratyn hem gijäniň soňky böleginde okalýan namazdyr. Bu namaz gündiz okalýan nafile namazlaryndan has fazyletlidir. Çünki, Allah Tagala şeýle diýýär: «Olar ýatan düşeklerinden ýaltanman turup, umyt we gorky bilen Allaha doga edýär. Olara beren ryzkymyzdan Allah ýoluna harçlarlar. Muňa derek olar üçin taýýarlanýan sylag-serpaýy hiç kim bilmez. », (Sejde16, 17). Pygamberimiz hem şeýle diýýär: «Farz namazyndan soň, iň fazyletli namaz gije namazydyr», (Müslim). Müslimiň

«Sahyhyndaky» başga bir hadysda: «Gije namazyny okaň. Çünki, gije namaz okamak sizden öňki salyh gullaryň adatydyr. Bu namaz sizi Rabbiňize ýakynlaşdyrar, günäleriňize keffaret bolup, nefsiňizi günälerden saklar» diýlipdir.

Tehejjüd namazy iki rekagatdan sekiz rekagata çenli okalyp bilner. Her iki rekagatdan salam berilmegi has fazyletlidir.

Kurany Kerimiň:
«Eý, Muhammet! Gijäniň bir bölüminde oýanyp, diňe saňa mahsus bolan ybadat bilen Kuran okap, gije namazyny kyl. Şonuň üsti bilen Rabbiň seni Makamy Mahmuda ýetirjekdigine umydygär bol», (Isra 79), diýen aýatyna esaslanyp, käbir alymlar tehejjüd namazynyň Pygamberimize farzdygyny belleýär. Hezreti Dawud (a.s.) hem gijäni alta bölüp, soňky dördünji, bäşinji bölüminde turup, namaz okar eken.
Tehejjüd namazyna beýleki mü’minleri höweslendirýän ençeme aýat we hadys bardyr. Allah Tagala şeýle buýurýar:
«Eý, Muhammet! Rabbiň seniň we ýanyňdaky ashabyňdan bolan jemagatyň gijäniň üçden ikisinde, ýarysynda ýa-da üçden birinde namaz üçin turup, namaz okaýanyňyzy şübhesiz bilýändir», (Müzzemmil 20). Başga bir aýatda:
«Olar gijäniň az böleginde uklap, säher wagty bolsa istigfar ederler», (Zariýat, 17,18), diýlip beýan edilýär. Takwalyga eýerenleriň Allaha säher wagtynda istigfar eden kişilerdigini Äli Imran suresiniň 16-17-nji aýatlary habar berýär. Säher wagty gijäniň soňky altydan bir bölegidir. Säher wagty seýýidül-istigfar ady berlen şu dogany köp okamak-da mendupdyr:
«Allahym! Meniň Rabbim Sensiň. Senden başga ilah ýokdur. Meni Sen ýaratdyň. Men Seniň guluňdyryn. Güýjümiň ýetdiginden Saňa beren söz we ähdimde durýaryn. Eden işlerimiň şerinden Saňa sygynýaryn. Maňa beren nygmatlaryňy ykrar we günälerimi boýun alýaryn. Meni bagyşla, çünki, Senden başga günäleri bagyşlap, ýalkajak ýokdur», (Buhary, Tirmizi).


Tehejjüd namazynyň wagty


Pygamberimizden gelen rowaýatlara görä, gijäniň ortasyny ýa-da soňky bölegini namaz, doga-dileg, we toba-istigfar bilen geçirmek maslahat berilýär.

Söýdüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ýassy namazyndan soň witir namazyny kylman ýatar eken. Oýanyp tehejjüd namazyny kylandan soň ýassy namazyny kylar eken.


Tehejjüd namazynda okalmaly doga


Tehejjüd namazynda okalýan ýörite doga ýok. Gijäniň giç sagatlarynda Allatagalla edilen doga-dilegler beýleki wagtlara görä kabul bolmaga has ýakyndyr. Pygamberimiz bir hadysy şeriflerinde şeýle diýýär:
"Gijede şeýle bir sagat bar, bir musulman şol sagada gabat gelip Alladan dünýä we ahyrýet üçin näme haýyr talap etse, Alla ol haýyry hökman berer. Bu her gije şeýledir. "
(Muslim, Musafirin, 166, 167)

Back to Top