MENÝU  OKALYŞY 

Mülk: 1/3

1. (Ähli barlygyň) mülki (hökmürowanlygy) elinde (gudratynda) bolan Alla örän beýikdir. Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
2. Ol siziň haýsyňyzyň has ýagşy amal edýändigiňizi synamak üçin, ölümi we ýaşaýşy ýaradandyr. Ol Gudraty güýçlüdir, Bagyşlaýjydyr.
3. Ol (biri-biri bilen) sazlaşykly ýedi gat asmany ýaradandyr. Sen Rahmanyň (Allanyň) ýaradan (zatlarynda) hiç hili çaprazlyk (näsazlyk) görmersiň. Gözüňi aýlap seret, heý (asmanda bir näsazlyk), kemçilik görýärmiň?
4. Soň gözüňi gaýta-gaýta aýlap seret! Göz (hiç hili näsazlyk görmekden) ejiz we ýadaw halda saňa (yzyna) öwrüler.
5. Kasam bolsun! Biz dünýä (iň ýakyn bolan) asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik. Olary şeýtanlara daşlanylýan (ot) edip (goýduk) we olara (şeýtanlara mundan başga-da) alawly ot azabyny taýýarladyk.
6. Özleriniň Perwerdigärini inkär edenler üçin dowzah azaby bardyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir.
7. Ol ýere oklananlarynda, (olar) onuň gaýnaýan wagty çykarýan eýmenç sesini eşiderler.
8. (Dowzah) gahardan ýaňa ýarylaýjak bolar! (Bes), her gezek ol ýere bir topar oklanylsa, onuň (dowzahyň) sakçylary olardan: «Size (bu azaby) duýduryjy (pygamber) gelmänmidi?» diýip sorarlar.
9. (Olar): «Elbetde, bize (bu azaby) duýduryjy (bir pygamber) gelipdi, ýöne biz (ony) ýalan hasapladyk we (oňa): «Alla (hiç kime) hiç zat indermedi, siz diňe uly bir azaşmaklygyň içindesiňiz» diýipdik» diýerler.
10. (Olar): «Käşgä, bir gulak asan bolsadyk ýa-da akylymyzy ulansadyk, (häzir) bu dowzahylaryň arasynda bolmazdyk» diýerler.
11. (Şeýdip) olar öz günälerini boýun alarlar. Bes, dowzahylara (Allanyň rahmeti) daş bolsun!
12. (Emma) görmän, özleriniň Perwerdigäriniň (azabyndan) gorkýanlara (bolsa), olara ýalkaw we uly sylag bardyr.

Back to Top