YZA OKALYŞY 

Bap: 1/100

***

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen (başlaýaryn).
Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý ahli kemçiliklerden päk we daş, ähli gözel atlaryň eýesi we ähli zadyň hakyky magbudy bolan Allam!
2. Eý dünýäde dost ýa duşman diýmän ähli ýaradanlaryna rysgal berýän Rahman!
3. Eý ahyretde diňe dostlaryna we özüne boýun egenlere merhemet etjek Rahym!
4. Eý ähli zady haky bilen bilýän Alym!
5. Eý günäkär gullaryň etmişlerine garamazdan olara jeza bermek üçin howlukmaýan Halim!
6. Eý soňsuz ululyk we beýiklik eýesi bolan Azym!
7. Eý hemme zady ýerlikli edýän Hakim!
8. Eý barlygynyň başlangyjy bolmadyk Kadim!
9. Eý ähli zady barlykda tutýan Mukym!
10. Eý ýagşylyk we peşgeşi köp bolan Kerim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (1)

Back to Top