YZA OKALYŞY 

Bap: 13/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý soňsuz ululygyň eýesi bolan Jelil!
2. Eý gözel bolan we ähli zady gözelleşdirýän Jemil!
3. Eý ýaradan ähli jandarlarynyň rysgal we dolandyryşy özüne degişli bolan Wekil!
4. Eý ýaradylanlaryň hajatlaryny, mätäçliklerini öz boýnuna alan Kefil!
5. Eý gullaryna dogry ýoly görkezýän Delil!
6. Eý gullarynyň hata we ýalňyşlyklaryny bagyşlaýan Mukyl!
7. Eý özünden hiç zadyň gizlenip bilmeýäni, ahli zatdan habardar bolan Habyr!
8. Eý peşgeş we keremi bol bolan Latyf!
9. Eý özünden üstün bolnup bilinmeýän, hemişe üstün bolýan Aziz!
10. Eý ähli ýaradylanlaryň hakyky eýesi we bütin jahanlaryň patyşasy!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (13)

Back to Top