YZA OKALYŞY 

Bap: 21/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý ähli zady bilen beýik bolan Alyýý!
2. Eý wadasyna wepaly bolan we wadasyndan dänmeýän Wefiý!
3. Eý möminleriň dosty bolan Weli!
4. Eý hakyky baýlygyň eýesi we hiç zada mätäç bolmaýan Ganiýý!
5. Eý tükeniksiz hazynasy bolan we gudraty hemme zada ýetýän Meliýý!
6. Eý hiç hili kemçiligi we nogsany bolmadyk, her hili kirlerden päk bolan Zekiýý!
7. Eý özüne gulluk edýänlerden hoşal we razy bolýan Radyýý!
8. Eý eserleri we peşgeşleri sebäpli barlygy aýdyň görünýän Bediýý!
9. Eý ähli zady iň kiçi häsiýetine çenli bilýän we görünmeýän peşgeşleriň eýesi bolan Hafiýý!
10. Eý güýç we kuwwaty soňsuz bolan Kawiýý!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (21)

Back to Top