YZA OKALYŞY 

Bap: 27/100

***

1. Eý Beýtül-Haramyň Rebbi!
2. Eý mukaddes aýlaryň Rebbi!
3. Eý Mesjidi-Haramyň Rebbi!
4. Eý mukaddes şäher bolan Mekkäniň Rebbi!
5. Eý Hajarul-Eswediň we Rükni-Ýemaniniň Rebbi!
6. Eý Meşgarul-Haramyň Rebbi!
7. Eý halal we haramyň Rebbi!
8. Eý nur we garaňkylygyň Rebbi we eýesi!
9. Eý salam we esenlik diňe Senden gelýän Rebbim!
10. Eý beýiklik we ululygyň eýesi, we eý gullaryna sanap bolmajak derejede köp nygmatlar berýän keremli Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (27)

Back to Top