YZA OKALYŞY 

Bap: 29/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý barlygy üçin başga birine mätäç bolmaýan Kaýym!
2. Eý barlygynyň başy we soňy bolmadyk, hemişe bar bolan Daýym!
3. Eý merhemeti bilen ähli ýaradylanlara merhemet edýän Rahym!
4. Eý hökümdarlygy ähli zady gurşap alan Hakim!
5. Eý bolan zatlary, bolýan zatlary we gelejekde boljak zatlary bilýän Alym!
6. Eý ýaradanlaryny goraýan Asym!
7. Eý ähli zady adalat bilen paýlaýan Kasym!
8. Eý her hili aýyp, kemçilik we nogsanlardan päk we daş bolan Salim!
9. Eý islän gulunyň rysgalyny kemeldýän Kabyz!
10. Eý islän gulunyň rysgalyny köpeldýän Basyt!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (29)

Back to Top