YZA OKALYŞY 

Bap: 3/100

***

1. Eý bagyşlaýanlaryň iň haýyrlysy!
2. Eý kömek edýänleriň iň haýyrlysy!
3. Eý adalaty bilen höküm berýänleriň iň haýyrlysy!
4. Eý ähli zadyň öňüni açýanlaryň iň haýyrlysy!
5. Eý ýat edilýänleriň we ýat edýänleriň iň haýyrlysy!
6. Eý ähli pany zat ýitip gidenden soň baky galjak!
7. Eý hamd edenlere iň gowy şekilde peşgeş berýän we hamd edilýänleriň iň haýyrlysy!
8. Eý rysgaly köp we gaýta-gaýta berýän!
9. Eý hak bilen ýalňyşy bir birinden aýyryp höküm berýänleriň iň haýyrlysy!
10. Eý peşgeş berýänleriň iň haýyrlysy!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (3)

Back to Top