YZA OKALYŞY 

Bap: 50/100

***

1. Eý ähli zady görýän, emma özi görülmeýän,
2. Eý ähli zady ýaradan, emma özi ýaradylmadyk,
3. Eý hemme kişä dogry ýoly görkezýän, özi bolsa ýol görkezijä mätäç bolmaýan,
4. Eý ähli zada jan berýän, özi bolsa direldilmäge mätäç bolmaýan,
5. Eý hemmeleri doýurýan, özi bolsa iýmäge we doýmaga mätäç bolmaýan,
6. Eý ähli zady goraýan, özi bolsa goraga mätäç bolmaýan,
7. Eý ähli zat hökümdarlygynda bolan, özi bolsa hiç kimiň hökümdarlygynda bolmaýan,
8. Eý ähli zady dolandyrýan, özi bolsa dolandyrylmaýan,
9. Eý dogurmaýan we dogmaýan,
10. Eý hiç zat özi bilen deň bolup bilmeýän Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (50)

Back to Top