YZA OKALYŞY 

Bap: 54/100

***

1. Eý ylmy ähli zady gurşap alan,
2. Eý uly-kiçi, aýan-gizlin, ähli zady görýän,
3. Eý gudraty hemme zada ýetýän,
4. Eý nygmatlaryny gullary sanap bilmeýän,
5. Eý ýaradan gullarynyň özüne haky bilen şükür etmäge güýji ýetmeýän,
6. Eý aňlaryň özüniň nähili beýikdigini düşünmäge güýji ýetmeýän,
7. Eý hyýallaryň we wyždanlaryň özüni haky bilen bilmegä güýji ýetmeýän,
8. Eý beýiklik nykaby we örtisi bolan,
9. Eý haýbaty we hökümdarlyk gözelligi bolan,
10. Eý bakylygy yzzaty bilen yzzatlanan Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (54)

Back to Top