YZA OKALYŞY 

Bap: 56/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý gullaryny köp bagyşlaýan Afuww!
2. Eý gullarynyň günä we hatalaryny bagyşlaýan Gafur!
3. Eý köp söýülýän, özüne ylgaýanlary we toba edýänleri söýýän Wedud!
4. Eý gullarynyň az amallary üçin esseläp peşgeş berýän Şekur!
5. Eý günäkärlere we baş galdyranlara jeza bermek üçin howlukmaýan, sabyr isleýänlere sabyr berýän Sabur!
6. Eý uly mähriň eýesi bolan Raguf!
7. Eý çäksiz merhemetiň eýesi bolan Atuf!
8. Eý ähli kemçiliklerden daş we päk bolan Kuddüs!
9. Eý hemişe diri bolan, ähli jandarlara jan berýän Haýý!
10. Eý barlygy Özünden bolan we ähli ýaradylanlary barlykda saklaýan Kaýýum!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (56)

Back to Top