YZA OKALYŞY 

Bap: 76/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý mätäçlere kömek edýän Mugyn!
2. Eý düşündirilmeli ähli zady äşgär edýän Mübin!
3. Eý gullaryna asudalyk we ynam berýän Emin!
4. Eý hökümdarlygy berk bolan we uly güýjiň eýesi - Mekin!
5. Eý özüniň hökümdarlygyny gowşadyp biljek hiç zadyň bolmaýany – Metin!
6. Eý azaby we jezasy gorkunç we uly bolan Şedid!
7. Eý gullarynyň ähli edýän zatlaryny görýän Şehid!
8. Eý ähli işlerini takdyryna laýyklykda iň gözel şekilde netijelendirýän Raşid!
9. Eý iň köp öwülýän we öwgä iň laýyk bolan Hamid!
10. Eý soňsuz abraýyň eýesi bolan Mejid!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (76)

Back to Top