YZA OKALYŞY 

Bap: 80/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý hakyky adalatyň eýesi – Adyl!
2. Eý özüniň razylygy üçin edilýän işleri kabul edýän Kabil!
3. Eý ähli zatdan üstün we beýik bolan Fadyl!
4. Eý ähli işiň hakyky eýesi – Fail!
5. Eý ähli mahluklaryň azyklaryna we rysgallaryna kepil bolan Kafil!
6. Eý ähli zady bar eden Jagyl!
7. Eý ähli tarapdan kämil bolan Kamil!
8. Eý mahluklary ýokluk garaňkylygyndan barlyk nuruna çykaran Fatyr!
9. Eý gullary üçin diňe ýagşylyklar isleýän we olary öz huzuryna çagyrýan Talib!
10. Eý gullaryň arzuwlaýany – Matlub!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (80)

Back to Top