YZA OKALYŞY 

Bap: 87/100

***

1. Eý gözi ýaşlylaryň söýgülisi!
2. Eý özüne töwekgel edenleriň daýanjy!
3. Eý hakdan aýrylanlary dogry ýola ugrukdyrýan!
4. Eý möminleriň goraýjysy we kömekçisi!
5. Eý özüni zikir edýänleriň iň ýakyn söýgülisi!
6. Eý gudraty, ähli gudratlardan has beýik bolan!
7. Eý ähli seredýänlerden has gowy görýän!
8. Eý ylmy ähli ylymlardan has beýik bolan!
9. Eý gam-gussaly alaçsyzlaryň hemaýatçysy!
10. Eý kömegi ähli kömeklerden has uly bolan, kömekçileriňem kömekçisi bolan Rebbim!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (87)

Back to Top