YZA OKALYŞY 

Bap: 91/100

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý belalary dep edýän we gowulyklaryň üstüni açýan Kaşif!
2. Eý gam-gussadan halas edip asudalyk berýän Farij!
3. Eý täze zatlaryň öňüni açýan Fatih!
4. Eý gullaryna kömek edýän Nasyr!
5. Eý mahluklaryň mätäç bolan zatlaryny öz boýnuna alan Damin!
6. Eý ähli zada ýaradylyş maksadyny emir edýän Amir!
7. Eý bizi ähli erbetliklerden daş saklaýan Nahi!
8. Eý gullarynyň umudy bolan Reja!
9. Eý özünden gullarynyň umydygär bolany – Mürteja!
10. Eý gullarynyň özünden uly zatlar üçin umydygär bolany – Azymur-Reja!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (91)

Back to Top