YZA

Bap: 22/100

1. Ýa Men azhera'l-jemil
2. Ýa Men setera 'ale'l-kabih
3. Ýa Men la ýuahizu bi'l-jerimeh
4. Ýa Men la ýehtiku's-sitr
5. Ýa 'Azime'l-'afw
6. Ýa Hasene't-tejawuz
7. Ýa Wasi'a'l-magfireh
8. Ýa Basita'l-ýedeýni bi'r-rahmeh
9. Ýa Sahibe kulli nejwa
10. Ýa Munteha kulli şekwa
Subhaneke ýa la ilahe illa ente'l-ema-ne'l-emane hallisna mine'n-nar.

***

1. Eý ähli gözel zatlaryň üstüni açyp görkezýän!
2. Eý çirkin we ýakymsyz zatlaryň üstüni örtýän!
3. Eý gullarynyň edýän etmişleri özüne zelel bermeýän we olaryň günäleri üçin ar almak niýeti bilen jeza bermäge howlukmaýan!
4. Eý gizlenen aýyplaryň üstündäki perdäni ýyrtyp äşgär etmeýän!
5. Eý bagyşlamasy uly bolan!
6. Eý günäkärlere jeza bermekden dänmesi gözel bolan!
7. Eý günä we hatalary bagyşlamasy bol bolan!
8. Eý gullaryna merhemet gapylaryny açýan!
9. Eý ähli pyşyrdylary eşidýän we bilýän!
10. Eý ähli şikaýatlaryň özüne gowuşýany!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (22)

Back to Top