YZA

Bap: 49/100

We es'eluke biesmaike
1. Ýa Munewwil
2. Ýa Mufassil
3. Ýa Mubeddil
4. Ýa Musehhil
5. Ýa Muzellil
6. Ýa Munezzil
7. Ýa Muhawwil
8. Ýa Mujemmil
9. Ýa Mukemmil
10. Ýa Mufaddil
Subhaneke ýa la ilahe illa ente ne'l-emane ejirna mine'n-nar.

***

Allam! Senden şu atlaryň haky üçin dileýärin we ýalbarýaryn:
1. Eý ýaradylanlaryň her birine, şoňa laýyk peşgeş we kerem berýän Münewwil!
2. Eý ähli müşgilikleri ýok edip, hak bilen ýalňyşyň arasyny aýyrýan Mufassyl!
3. Eý islän zadyny isleýşi ýaly üýtgedýän Mübeddil!
4. Eý kynçylyklary ýeňilleşdirýän Müsehhil!
5. Eý islänini zelil edýän, kiçeldýän we ýaradanlaryna boýun egdirýän Müzellil!
6. Eý kitaplary, perişdeleri, bereketleri, bela-beterleri indirýän, isläniniň derejesini kiçeldýän Münezzil!
7. Eý ýaradylanlaryň hal-ahwalyny üýtgedip durýan Muhawwil!
8. Eý ähli zada özüne laýyk gözellikleri berýän Müjemmil!
9. Eý ähli zady maddy we ruhy taýdan kämillige ýetirýän Mükemmil!
10. Eý islänini maddy we ruhy nygmatdyr keremleri bilen beýlekilerden beýgeldýän Mufaddyl!
Sen ähli kemçilik we nogsanlardan päksiň, Senden başga bizi halas etjek hudaý ýok ahyryn! Bize amanlyk ber, amanlyk dileýäris. Bizi jähennem odundan halas et! (49)

Back to Top