YZA

PYGAMBERIMIZE (S.A.W) SALAWAT GETIRMEK


Hadyslaryň birinde Pygamberimiz(s.a.w) şeýle belläp geçýär: “Kyýamat güni ynsanlaryň maňa iň ýakyn boljagy, maňa iň köp salawat getirenlerdir”.

Salawat- Pygamberimize (s.a.w) salam ýollamak manysyny berýär.

Käbir salawat görnüşleri:
a) Sallallahu Aleýhi Wessellem
b) Essalätu wesselämu aleýke Ýa Rasulallah
c) Allahumme salli ala seýýidina Muhammedin we ala äli seýýidina Muhammed
d) Elfü elfi salatin we elfü elfi selamin aleýke Ýa Resulallah

Alymlaryň köpüsi dilegleriniň kabul bolmagy üçin, ilki Pygamberimize salawat getirip soňra dileg edipdirler, soňra bolsa ýene salawat getirmek bilen jemläpdirler. Ýagny haýsam bolsa bir dileg etjek mahallary salawat bilen başlap, ýene salawat bilen gutarypdyrlar.

Back to Top