YZA

FETIH SÜRESINIŇ FAZYLETI

Hezreti Omar radyýallahu anh gürrüň berýär:
Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna baryp salam beremde maňa şeýle diýdi:
-”Bu gije maňa şeýle bir süre indirildi, bu süre meniň üçin üstünde günüň dogýan ähli zadyndan has gadyrlydyr” we Fetih süresini okady.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kimdir biri namazynda ýa-da namazyň daşynda Fetih süresini okasa, Mekke fetihinde (ele geçirmek) Pygamberiň ýanynda bolan ýalydyr”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kim Remezanyň birinji gijesinde Fetih süresini Allanyň razylyg üçin okasa, Allatagalla şol adamy bütin ýyl hemaýasynda gorar.”

***

Fetih süresini okamagyň fazylatlary we peýdalary:
* Kimdir biri Remezan aýy başlanda Fetih süresini 3 gezek okasa, Allatagalla şol guluň rysgalyny indiki ýyl şol bir güne çenli jomartça berer.
* Bu süräni 7 gezek gezek okan adam ähli dertlerinden halas bolup maksadyna ýeter.
* Kim Fetih süresini 33 gezek okasa zyndandan halas bolar.
* Dertli, gam-gussaly wagty bu sürani okan adamyň, inşalla Allatagalla gam-gussalaryny giderer.
* Ymam Salebi Fetih süresiniň fazylaty barada şeýle diýýär: “Fetih süresini okaýanlaryň perişdeleriň tesbilerinden we zikirlerinden nesibi bardyr”.
* Kim “Bismillahirrahmanirrahim” bilen Fetih süresiniň 1-3 aýatlaryny okamaga dowam etse işleriniň öňü açylar we uly nygmatlary gowuşar.

Back to Top