YZA

DOGA-DILEG BARADA HADYSLAR

“Doga” arapça söz bolup, çagyrmak, kömek talap etmek, ýalbarmak manylary bardyr. Dinimizde bolsa, doga, guluň çyn ýürekden Alla tarap ugrugyp, Alla sygynyp, öz ejizligini we Allanyň beýikligini kabul edip ýalbarmasydyr. Alla doga edýän biri özüni diňleýän we dogalaryna jogap berjek, merhemedi we keremi tükeniksiz Biribaryň bardygyny bilýär. Doga, gul bilen Allanyň arasynda dowamly aragatnaşygy saklaýan jadyly bir köprüdir.

Geliň, söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) doga baradaky hadysy şeriflerine syn salalyň:

Numan ibni Beşiriň rowaýat etmegine göra Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Doga ybadatyň hut özüdir”

***

Ibni Omardan rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kime doga gapylary açylan bolsa, oňa merhemet gapylary hem açylandyr. Alladan (dünýälik zatlardan) talap edilýänleriň arasynda Allanyň iň halaýany saglykdyr. Doga inen we entek inmedik ähli bela-beterler üçin peýdalydyr...”

***

Ebu’d–Derdâ radyýallahu anh Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemi şu zatlary aýdyp durka diňländigini aýtdy: “Bir musulman, ýanynda bolmadyk bir din dogany üçin doga-dileg etse, melekler oňa “Dilän zatlaryň saňa hem berilsin” diýip doga ederler.”

***

Jâbir radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleyhi we sellem şeyle buýrdy: “Özüňize betdoga (erbet doga-dileg) etmäň; çagalaryňyza betdoga etmäň; mallaryňyzada betdoga etmäň. Dileg-dogalaryň kabul edilýän wagtyna gabat geläýse Alla betdogaňyzy kabul edip goýberer.”

***

Ebu Hureýreden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Her gije Rebbimiz gijäniň soňky üçden biri böleginde dünýä asmanyna inýär we “Kim maňa doga edýän bolsa jogap bereýin. Kim menden bir zat islän bolsa bereýin. Kim maňa toba etse tobasyny kabul edeýin” diýýär”

***

Ebu Umamadan rowaýat edilmegine, “Ýa Resulullah kabul edilmäge iň laýyk doga haýsy?” diýip soradym. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi:
-”Gijäniň ahyrynda edilen doga bilen parz namazyndan soň edilen doga.”

***

Enesden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Azan bilen kamat arasynda edilen doga hökman kabul ediler”.
-”Eý Allanyň Resuly nähili doga edeli?” - diýip soradyk.
-”Dünýä we ahyrýet üçin saglyk isläň” -diýip jogap berdi.

***

Ebu Hureýreden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Guluň Alla iň ýakynlaşýan wagty seždedäki ýagdaýydyr. Onda, seždede wagtyňyz köp doga ediň”.

***

Ebu Hureýreden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Hökman kabul edilýän üç hili doga bardyr. Bularyň kabul ediljegi barada hiç hili şek ýokdyr. Zuluma sezewar bolanyň dogasy, myhmanyň dogasy, atanyň (kakanyň) çagasy üçin eden dogasy”.

***

Enesden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Sizden kimdir biri ähli zadyny Rebbinden islesin. Hatda aýakgabynyň gopan bagjygy ýaly kiçi zady hem”.

***

Ebu Hureýreden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Gyssanmasaňyz ähliňiziň dogalaryna jogap beriler. Emma, “Men Rebbime doga etdim welin kabul etmedi” diýip gyssanýanlar bar”.

***

Ebu Hureýreden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Allatagalla (doga edip) özünden hiç zat talap edip islemeýänlere gazaplanýar”.

***

Selmandan rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Rebbiňiz haýaly we keremlidir. Guly özüne doga edip el göterende, onuň ellerini boş gaýtarmaga haýa eder”.

***

Ebu Hureýreden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Allatagalla doga eden wagtyňyz, dogaňyzyň kabul ediljegine ynanyp doga ediň. Şuny biliň: Allatagalla ýarym-ýalta ýürek bilen edilen dogany kabul etmez.”

***

Enesden rowaýat edilmegine görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Araňyzdan kimdir biri “Eý Rebbim! Isleseň meni bagyşla! Ýa-da isleseň maňa merhemet et!” diýp doga etmesin. Isleýän zadyňyzy çynyňyz bilen talap ediň. Sebäbi hiç kim Allatagalla zor bilen iş etdirip bilmez.”

***

Abdullah ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: Allah Resulynyň (s.a.w.): «Kim maňa bir gezek salawat aýtsa, Allatagala oňa on esse merhemet eder» diýendigini eşitdim.

***

Abdullah ibn Mesudyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kyýamat gününde maňa iň ýakyn boljak adamlar maňa iň köp salawat aýdýanlardyr».

***

Enes radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resul-y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem köplenç doga-dileg edende şeýle ederdi:
“Allâhumme âtinâ fi’d–dünýâ hasene we fi’l–âhyreti hasene we kynâ azâbe’n–nâr: Eý Allam! Bize şu dünýäde gowulyk, ýagşylyk ber, ahyretde hem gowulyk ýagşylyk ber. We bizi dowzahyň odundan, ataşyndan gorap, aman sakla.

***

İbni Mes’ûd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûl–y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle doga-dileg edýän ekeni:
“Allâhumme innî es’eluke’l–hudâ we’t–tukâ we’l–afâfe we’l–gynâ: Ey Allam! Senden hidaýet (dogry yola ugrukdyrmagyňy), takwâ (Senden bolmalysy yaly gorkup günälerden gaça durmagy), iffet (namysly bolmagy we jynsy temalarda ahlakly kimselerden bolmagy) we köňül baýlygyny dileýärin.”

***

Muslimiň Târyk İbni Eşýem radyýallahu anh’dan rowaýat edişine görä Taryk Pygamber sallallahu aleýhi we sellemi diňläp otyrka bir adam gelip şeýle sowal edipdir:
- Eý Allahyň Resuly! Rebbimden haýsydyr bir zat dilejek wagtym nadip diläýin?
Resul-y Ekrem (Keremlileriň iň keremlisi) şeýle jogap berdi:
– “Allâhummağfyr lî werhamnî ve âfynî werzuknî: Ey Allam, meni bagyşla, maňa rehim et, maňa seniň razy boljagyň işleri etdir we maňa haýyrly yrsgal ber, diýip sora. Bu sözler seniň hem dünýäňe hem ahyrediňe zerur bolan zatlaryň mazmunydyr”

***

Enes radyallahu anh’dan alynyp rowaýat edilişine görä Resûl–y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle doga-dileg edipdir: “Allâhumme innî eûzu bike mine’l–ajzi we’l–keseli we’l–jübni we’l–heremi we’l–buhl, we eûzu bike min azâbi’l–kabr, we eûzu bike min fitneti’l–mahýâ we’l–memât: Allahym! Ejizlikden,ýaltalykdan, gorkaklykdan, garrap kömege mätäç yagdaýa düşmekden we gysgançlykdan saňa sygynýaryn. Görüň azabyndan saňa sygynýaryn. Ýaşaýşyň we ölümiň pitnesinden saňa sygynýaryn.”

***

Äşe radyallahu anhadan alnyp rowaýat edilşine görä Resûl–y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem doga-dilegini şu sözler bilen edýär eken: “Allâhümme innî eûzu bike min fitneti’n–nâri ve azâbi’n–nâr we min şerri’l–gynâ we’l–fakr: Allahym! Jähennem pitnesinden, dowzah azâbından, baýlygyň we garyplygyň şerinden saňa sygynýan.”

***

Şekel İbni Humeýd radyýallahu anh şeýle diýdi:
– Yâ Resûlalla! Maňa bir doga öwredäý! Diýdim. Şeý diýemsoň ol maňa:
– “Allâhumme innî eûzu bike min şerri sem‘î we min şerri basarî we min şerri lisânî we min şerri kalbî we min şerri meniýýî: Allahym! Gulagymyň şerinden, gözümiň şerinden, dilimiň şerinden, kalbymyň şerinden we jynsy organymyň şerinden saňa sygynýan, diy” buýrdy.

***

Hezreti Aly radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä ylalaşyk baglanşylan bir gul onuň ýanyna gelip:
– Bergimi töläp biljek ýagdaýym ýok, maňa kömek edäý, diýdi. Ol hem:
– Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemiň maňa öwreden bir dogasyny men hem saňa öwredeýinmi ? Şony okamaga dowam eden ýagdaýyňda üsdüňde dag ýaly bergi hem bolsa Alla Tagalla ony saňa tölemäge kömek eder. Şeýle doga-dileg et diýdi:
“Allâhummekfinî bi–halâlike an harâmik, ve agninî bi–fazlike ammen siwâk: Allahym! Maňa halal yrsgal nesip edip haramlardanam gora! Fazlyň bilenem meni senden başgasyna mätäç eyleme!”

***

Şehr İbni Hawşeb şeýle diýdi:
Ümmü Seleme radyýallahu anhâ:
– Ey möminleriň enesi! Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem seniň ýanyňda bolan wagtlarynda iň köp haýsy dogany okardy? Diýip soradym. Ol hem şeýle dýdi:
– Köplenç “Yâ mukallibe’l–kulûb! Sebbit kalbî alâ dînik: Ey kalplary (ýürekleri) haldan hala salan Alla! Meniň kalbymam diniňden aýyrma!” diyip doga edýärdi.

***

Müslimiň ýenede bir rowaýaty şeýledir:
– “Bir gul günä bolan, ýa-da garyndaşy bilen öýke-kine etmesine sebäp boljak zatlardan birini dilemese, ýada howlukmasa doga-dilegleri kabul bolar.”
– Eý Allahyň Resuly! Howlukmak name diýmek? Diyip soralanda şeýle diýdi:
– “Näçe gezekler doga-dileg etsemem Rebbimiň dogalarymy kabul edenini görmedim diýer. Doga-dilegleriniň derrew kabul edilmänligi sebäpli bizar bolup doga-dileg etmäni bes eder.”

Back to Top