MENÝU  OKALYŞY 

Mülk: 2/3

13. Siz sözüňizi isle, gizläň, islede, ony äşgär ediň! Takyk, Ol (Alla) gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem bilýändir.
14. Heý-de, Ýaradan (Öz ýokdan bar eden zatlaryny) bilmezmi? Ol iň gizlin zatlary hem bilýändir we (ähli zatdan) habardardyr.
15. Ýeri size (ýaşaýyş üçin) boýun egdiren Oldur. Bes, siz onuň (ýeriň) gerdenlerinde (üstünde) geziň we Onuň (Allanyň) rysgalyndan iýiň! (Ahyrynda) dolanyp baryş Oňadyr.
16. Siz asmandakynyň (Allanyň) ýeri sarsdyryp, sizi ýere sokmajagyndan arkaýynmy?
17. Ýa-da siz asmandakynyň (Allanyň) siziň üstüňize daş ýagdyrýan (bir tupanharasat) ibermejekdiginden arkaýynmy? Bes, siz (Meniň) duýduryşymyň nähilidigini (tiz wagtda) bilersiňiz?
18. Kasam bolsun! Olardan öňküler hem (pygamberleri) ýalan hasapladylar, bes (Allany) inkär edendikleri üçin (berlen azap) nähili ýowuz bolupdy?
19. Olar üstlerinde (ganatlaryny) açypýapyp uçýan guşlary görmedilermi? Olary (howada) saklaýan meger Rahmandyr (Alladyr). Takyk, Ol (Alla) ähli zady görýändir.
20. (Hany), Rahmandan (Alladan) başga size kömek etjek siziň ol goşunlaryňyz kim (nirede)? Takyk, inkär edenler (kapyrlar) aldanmagyň içindedirler.
21. Eger Ol ( Alla size berýän) rysgalyny kesse, size rysgal berjek kim? Ýok, (tersine olar) azgynlyk we inkär içinde (keçjallyklaryny) dowam etdirýärler.
22. Indi (siz aýdyň bakaly, barylmaly ýere) ýüzin süýrenip ýöreýän dogry bararmy, ýa-da dogry ýolda dik ýöreýän (dogry bararmy)?
23. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Sizi ýaradan, size eşidiş (duýgusyny), gözleri we kalplary beren Oldur. Siz (örän) az şükür edýärsiňiz!»
24. Aýt: «Sizi ýer ýüzünde (köpeldip), ýaýradan Oldur. Siz Onuň (ýanynda) jemlenersiňiz».
25. (Olar): «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, (aýdyň), bu wada (azap) haçan (geler)?» diýýärler.
26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Back to Top