YZA

MÜLK SÜRESINIŇ FAZYLETI

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kurany Kerimde 30 aýatlyk şeýle bir süre bar, ol süre özüni okan adamy üçin kyýamat gününde bagyşlanýança şepagat eder. Ol süre Mülk süresidir.”

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Tebäreke (Mülk) süresiniň her bir musulmanyň kalbynda bolmasyny arzuwlaýaryn.”

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kim ýassy namazyndan soň Mülk we Sežde sürelerini okasa, bu iki süräni Gadyr gijesinde okan ýaly sogap gazanar”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kimdir biri her gije Mülk süresini okasa, Allatagalla bu süräni okany üçin ony gabyr azabyndan halas eder”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Jynaza gabyra goýulanda azap perişdeleri ölüniň aýak tarapyndan gelmek islärler. Aýaklar: “Bärden gelip bilmersiňiz, sebäbi eýäm mülk süresini okardy” diýerler. Melekler kelle tarapdan geljek bolanlarynda, kelle: “Bärden gelip bilmersiňiz, sebäbi eýäm mülk süresini okardy” diýer. Bu gezek perişdeler döş tarapyndan ýakynlaşjak bolarlar. Göwüs şeýle diýer: “Bärden gelip bilmersiňiz, sebäbi eýäm Mülk süresini okap ýat tutupdy we mende saklady...””

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem Mülk we Sežde sürelerini okaman ýatmaz eken.

***

Mülk süresini 41 gezek okan adam her hili beladan halas bolar.

***

Her gije Mülk süresini okamaga dowam edýän adam, ölüm wagtyndaky pitnelerden halas bolar we enşalla kelimeýi şahadaty aýdyp ahyrýete göçer.

Back to Top