MENÝU  OKALYŞY 

Nebe: 2/2

31. Elbetde takwalar üçin sylaglar bardyr.
32, 33, 34. (Olara) bag-bakjalar, üzüm baglary, göwüsleri tegelenip gabaryp başlan (ýaş dilberler, meý-şerbet) doly käseler berler.
35. Olar ol ýerde boş we ýalan söz eşitmezler.
36. (Ine, bular) Perwerdigäriňden ýeterlik sylagdyr.
37. Ol asmanlaryň, ýeriň we olaryň arasyndaky (barlyklaryň) Perwerdigäridir. (Ol) Rahmandyr (Alladyr. Ol gün) Onuň ýanynda gepläp biljek (hiç kim) ýokdur.
38. Ol gün Ruh (Jebraýyl) we perişdeler hatar-hatar düzülerler. Rahmanyň (Allanyň) rugsat berenlerinden başga hiç kim geplemez. Geplän hem diňe dogryny aýdar.
39. Ine, bu hakykatlygy anyk bolan gündür. Indi islän adam Perwerdigärine barýan ýoly tutsun!
40. Biz golaýlaşýan bir azaby habar berip, size duýdurdyk. Ol gün geler, her kim diňe öz eden işlerine sereder. Kapyr (adam): «Käşgä, men toprak bolsadym» diýer.

Back to Top