YZA

NEBE SÜRESINIŇ FAZYLETI

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Nebe süresini öwreniň we öwretiň. Bu süräni okan adama Allatagalla kyýamat gününde Köwser şerabyndan içirer”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýpdir:
-”Kimdir biri ikindi namazyndan soň Nebe süresini okasa, Allatagalla ol kişinin yrsgalyny köpelder, oňa dünýädäki daglar ýaly köp ýagşylyklar ýazylar. Kyýamat gününde Alla onuň her bir gylyny nurlandyrar. Dünýädenem jennetdäki ýerini görmän göçmez.”

***

Bu süräni okan adam ogry we erbet adamlaryň ýamanlyklaryndan goranar.

***

Ähli bela-beterleriň dep edilmesi üçin okalar.

***

Bu süre bir zadyň üstüne okalyp bir ýere amanat edilse, ol zat bi-iznillah ýitmez.

Back to Top