YZA

RAHMAN SÜRESINIŇ FAZYLETI

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýpdir:
-”Hadid, Wakyga we Rahman sürelerini okamaga dowan edýän kişi asmanlaryň we ýeriň melekutunda “Firdöws jennetiniň ýaşaýjysy” diýip atlandyrylar”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kimdir bir biri Rahman süresini okasa Allatagallanyň özüne beren nygmatlary üçin şükürini ýerine ýetirdigi bolar”.

***

Abdullah ibni Omar şeýle rowaýat edýär:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem Rahman süresini başdan soňuna çenli sahabalaryna okady. Sahabalar sessiz diňläp dymdylar. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem sahabalaryna şeýle diýdi:
-”Näme üçin men jynlardan gowy jogaplar eşidýän, sizden bolsa eşidemok?”
Sahabalar:
-”Olaryň jogaby nähilidi eý Allanyň Resuly?” diýip soradylar.
Resulullah şeýle diýdi:
-”Jynlaryň Kurany Kerimi diňlemäge gelen gijesinde, Rahman süresini olara okamda “Febieýýi alai Rabbikuma tukezziban (Onda (eý ynsanlar we jynlar!) Rebbiňiziň nygmatlaryndan haýsysyny ýalanlap bilersiňiz?)” aýatyny her gezek olara okamda “Biz Seniň hiç bir nygmatyňy ýalanlamyzok, ýalanlabam bilmeris. Eý Rebbimiz hamdlar diňe Saňadyr” diýdiler.”
(Ynha şol sebäpli bu aýatlary diňleýän her musulmanyň şeýdip jogap bermesi sogapdyr)

Back to Top