YZA

ÝASIN SÜRESINIŇ FAZYLETI

Tirmiziniň rowaýat eden bir hadysyna görä Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Ähli zadyň kalby bardyr. Kuranyň hem kalby Ýasin süresidir. Kimdir biri Ýasini okasa Allatagalla oňa on gezek Kurany okan ýaly edip sogap berer.”

***

Başga bir hadysdadam Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýpdir:
-”Ähli zadyň kalby bardyr. Kuranyň hem kalby Ýasindir. Ummatymdan her kişiniň kalbynda Ýasiniň bolmasyny isleýärin”.

***

Ýene başga bir hadysy şerifde Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýýar:
-”Ýasin Kuranyň kalbydyr. Allany we ahyrýet gününi arzuwlap Ýasini okaýan kişiniň geçen günäleri bagyşlanar. Ony ölenleriňize okaň!”
(Hadysdan hem düşnükli bolşy ýaly Ýasini okap aradan çykanlaryň ruhlaryna sogaplaryny bagyş edip bileris. Olara sogaplary bagyş edemizde biziň sogabymyzda hem kemelme bolmaz)

***

Hadys: “Kimdir biri gije-gündiz Allanyň razylygyny gazanma niýeti bilen Ýasini okasa onuň günäleri bagyşlanar”.

***

Ýene bir hadysda Resulullah sallallahu alleýhi we sellem şeýle buýrýar:
-”Kimdir biri gündiziň başynda Ýasin süresini okasa, onuň hajatlary (gerekli, mätäç bolan zatlary) gideriler.”

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Juma gijesi (4-nji günden Juma gününe geçilýän gije) Ýasin we Saffat sürelerini okaýan adama Allatagalla isleýän zadyny berer”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Her gije Ýasin süresini okamaga dowam edýän adam ölende şehit bolup öler”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Öljek bolýan (ýakynlaryňyza) Ýasin süresini okaň”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýpdir:
-”Kimdir biri Juma güni ene-atasynyň gabyrlaryny zyýarat edip Ýasin okasa olaryň günäleri bagyşlanar”.

***

Resulullah sallallahu aleýhi we sellem Hezreti Ala şeýle diýipdir:
-”Eý Aly! Ýasin süresin oka! Sebäbi Ýasin süresinde on bereket bardyr:
1) Aç biri okasa doýar. (Ýagny Allatagalla açlykdan halas etjek sebäpleri ýaradar)
2) Egin-eşik alyp bilmejek dereje garyp bolsa, geýinme sebäbine gowuşar.
3) Sallah bolsa öýlener.
4) Bir zatdan gorkýan biri okasa, gorkýan zadyndan arkaýyn bolar.
5) Problemmasy bolan rahatlar.
6) Ýolagçy okasa ýolagçylygynda kömek ediler.
7) Bir zadyny ýitiren okasa, ýitiren zadyny tapar.
8) Ölüniň üstünde okalsa çekýän azaby ýeňillär.
9) Suwsan biri okasa, suwa gowuşar.
10) Kesellä okansa keselinden gutular, şypa tapar.”

***

Başga-da hadyslarda Ýasin süresiniň fazylatlary barada şular aýdylýar:
“Şeýtanlar Ýasin süresinden, Haşr süresiniň soňky böleginden we Muawwiziteýn (Felak we Nas) sürelerinden gaçarlar.”
“Mazarlyga giren biri Ýasin süresini okasa, şol gün ölüleriň azaplary ýeňlär. Ölüleriň sanyna deň sogap hem özüne beriler.”
“Ýanynda Ýasin süresi okalan hassa suwa ganyp öler we dok şekilde gabra girer”.

Back to Top